Sticky post

Eziz maňa!

Eý gül watan almalaryň, narlaryň eziz maňa, Meň söýgim müň ömre ýeter, barlaryň eziz maňa. *** Ulus-ile aman-esen ýaz gelende ajaýyp, Sähra üste seýkin basan hüýrleriň eziz maňa. *** “Ber Hak” diýen bir özüne, nalyş edip säherler, “Bir Hak” diýen takwalaryň, pirleriň eziz maňa. *** Haýranda başy ýaýkasam, çykyp belent daglyga, Düşüp bagrymy oýkasam, garlaryň eziz maňa. *** Bu topragy jandan söýen, başyn goýjak üstünde, … Continue reading Eziz maňa!

IÇI GÜJÜKLI SORAG

Fransuz goşun serkerdelerinden Prens de Konte, Rokrot söweşinden ýeňiş bilen dolanyp gelende, halk ony uly joşgun bilen garşy alypdyr. Şähere girip gelýän generalyň bu ýeňişine içigaraçylyk edýän beýleki bir general, onuň alkymyna dykylyp barypdyr-da:– Duşmanlaryňyz siziň gazanan bu ýeňşiňize näme diýýärkä? – diýipdir.Konte onuň jogabyny nagt beripdir:– Bilmedim-da… Menem şony sizden soraýyn diýip durdum. Continue reading IÇI GÜJÜKLI SORAG

SIZ NÄHILI DUÝÝARSYŇYZ?

Öz döwründe, agyr agramda dünýäniň boks çempiýony bolan Muhammet Aly, 11-nji Sentýabr güni ýer bilen ýegsan bolan Dünýä söwda merkezini, şol wakadan bir aý soňra görmäge baranda, habarçylar tarapyndan berlen: “Gümanly kişiler bilen bir hatarda şol bir Yslam ynanjyny paýlaşýandygyňyz üçin özüňizi nähili duýýarsyňyz?” diýlen soraga, sypaýyçylyk bilen şeýle jogap berýär:– Siz Gitler bilen şol bir ynanjy paýlaşýandygyňyz üçin özüňizi nähili duýýarsyňyz? Continue reading SIZ NÄHILI DUÝÝARSYŇYZ?

ÝUMURTGA

Şahyr Danteniň iňňän güýçli ýady bardy. Bir gün bir nätanyş adam ondan:– Iýilýän zatlardan iň gowysy näme? – diýip soraýar.Şahyr oňa:– Ýumurtga – diýip jogap berýär.Aradan epesli wagt geçýär. Bir gün ýene gabatlaşýarlar. Ol nätanyş gökden düşen ýaly, morta soraýar:– Nähili görnüşde?Dante-de säginmän jogap berýär:– Gaýnadylan. Continue reading ÝUMURTGA

SAHAPÇYNYŇ (köne kitap satýan) INÇE JOGABY

Pelsepeçi hem ýazyjy Arslan Kaýnardagyň, köne kitap satylýan dükanlar toplumynda ýerleşýän dükanyna gelen bir müşderi bir kitabyň adyny göz öňünde tutup:– “Allanyň Pygamberi” barmy? – diýip soraýar.Pelsepeçi Arslanam:– Elbetde bar – diýýär.Müşderi kitaby bermegini soraýar welin, bu gezek ýazyjy oňa:– Ýok – diýip, jogap berýär.Müşderi geňirgenip:– Edil ýaňy bar diýdiňiz-ä – diýýär.Şonda sahapçy soňky sözüni aýdýar:– A nä, ýok diýsemidim?! Continue reading SAHAPÇYNYŇ (köne kitap satýan) INÇE JOGABY

Weliler hakda rowaýat

Hasan Basryda şeýle bir pespällik we kiçigöwünlilk haly bolup, ol her bir kişini özünden üstün saýar eken. Bir gün Dijle (Tigr) derýasynyň kenaryna baranda, garaýagyz bir kişä gözi düşüpdir. Şol kişiniň elinde käse, ýanynda-da bir zenan maşgala bar eken. Ol elindäki käsäni zol-zol agzyna ýetirýärmiş. Hasan Basry: «Eýsem, şu adamam menden üstünmikä?» diýip içini gepledenini duýman galypdyr. Kitaplardan okanlaryny ýadyna salyp: «Şunuň ýaly birisi menden … Continue reading Weliler hakda rowaýat

PARAHATLYGYŇ SURATY

Günlerde bir gün halky tarapyndan halanýan bir korol suratkeşleriň arasynda parahatlygyň suratyny iň owadan şekilde kim çekip bilse, şoňa ullakan baýrak berjekdigini yglan edýär. Ýaryşa iňňän köp suratkeş gatnaşýar. Telim günläp işlenýär, owadandan owadan suratlar çekilýär. Netijede, herkim öz çeken suratyny köşge tabşyrýar.Suratlara göz aýlap çykan korol olaryň ikisini diýseň halaýar.Suratlaryň birinde asuda köl şekillendirilipdir. Köl edil aýna ýaly dury, töweregini gurşap oturan daglaryň suratyny … Continue reading PARAHATLYGYŇ SURATY