ÇAGALAR HEM ÇEMENLIK

Ýetmiş alty ýaşyna gadam basan güni başlangyç synp mugallymymy görmäge gitdim. Barsam, aýaly bilen howluda işläp ýören eken. Mugallymym çemenlikleri suwarsa, aýaly gül golçalarynyň gumuny çalyşýardy.

Olar meni görüp, işlerini wagtlaýynça togtatdylar. Howa güneşlidi. Biz howludaky stoluň başynda dyz epdik.

Aramyzda söhbet ýaňy gyzyşyp başlanda, mugallymymyň goňşusy gelip, töweregiň çagalarynyň mahal-mahal bu çemenligi basgylap, üstünde top oýnaýandyklaryny aýtdy.

– Gowusy, çagalara hiç ýüz bermäň, goňşy, beýdip ýörseler, çemenligiňiz hiç haçanam boý almaz.

Mugallymym oňa şeýle jogap gaýtardy:

Zeleli ýok, goňşy. Meň pikirimçe, çaga ýetişdirmek çemenlik ýetişdirmekden has ähmiýetli!