GALAMYŇ HEKAÝASY

Bir oglanjyk hat ýazyp oturan enesini synlap oturyşyna oňa şeýle diýip ýüzlendi:

– Ene, sen biziň edýän zatlarymyzy ýazýaňmy? Ýazyp oturan zadyň men hakdamy?

Enesi kellesini galdyrdy-da, agtygyna jogap berdi:

– Hawa, aslynda, men sen hakda ýazýan, ýöne bärde sözlerden has ähmiýetli zat – elimdäki galamym. Nesip bolsa, ulalaňda senem bu galamy juda halarsyň.

Oglanjyk galama geň galyjylyk bilen seretdi. Ol gaty bir üýtgeşik zada-ha meňzänokdy.

– Olam edil beýleki galamlara meňzeýär-ä!

Ol seniň zatlara nähili garaýanyňa bagly. Munuň bäş sany aýratynlygy bar: eger sen olara ykjam ýapyşmagy başarsaň, olar seni tutuş dünýä bilen ylalaşykly, parahat ýaşaşyp bilýän adama öwrer.

Birinji aýratynlyk: sende uly işleri başarmaga ukyp bolup biler, ýöne sen bir zady asla ýatdan çykarma: seniň ädimleriňe ýol görkezýän bir “el” bar. Biz oňa “Hudaýyň eli” diýýäris. Ol hemişe bize, Öz islegine görä, ýol görkezýär.

Ikinji aýratynlyk: edil häzir men, ýazmagy goýmaly-da, galamartylýan ulanmaly. Beýtmek galama biraz yza bermegi mümkin, ýöne şondan soň welin ol has ýiti galama öwrüler. Edil şonuň ýaly, senem durmuşyň ajysyna, hasratyna sabyr etmegi, çydamly bolmagy öwrenmeli, sebäbi olar seni has oňat adama öwrer.

Üçünji aýratynlyk: galam bize hemişe ýalňyşlarymyzy pozguç bilen pozup aýyrmaga mümkinçilik berýär. Biziň edýän düzedişlerimiziň manysy – biderek zatlary aýyrmak! Ol bize dogrynyň, hakyň, adalatyň ýolunda ýöremäge kömek edýär.

Dördünji aýratynlyk: bir galamyň esasy ähmiýeti onuň agaçdan ýasalan daşky gabygy däl-de, içindäki kömür grafitidir. Şonuň üçin senem hemişe öz içki dünýäňde nämeleriň bolup geçýändigine üns bermeli.    

Galamyň bäşinji – soňky aýratynlygy: ol hemişe yz goýup gidýändir. Edil şonuň ýaly, seniňem bir bilmeli zadyň, bu durmuşda eden her bir hereketiň yz goýýandyr, şol sebäpden her bir işiňi bilnikli etmäge çalyş.

Paul Koelho