Tomsuň jokrama günleriniň birinde bir adam ýola düşüpdi. Howa şeýle bir yssydy welin, toprak gurap, agaçlaryň ýapraklary sülleripdi. Ol adam gaty suwsapdy. Emma ýanynda suwy ýokdy, garagörnüm ýerde-de guýy görnenokdy. Ol ýoluny dowam etdi. Teşneligi bolsa barha artýardy, emma ol şonda-da zeýrenmäge derek öz ýanyndan pikir öwrüp barýardy…
“Şu suw diýlen zat, gör, nähili uly nygmat. Göräýmäge ýönekeýje zat ýaly welin, şol bolmasa, ýeke jandar hem ýaşap bilenok. Rahmet we merhemet Eýesi welin ähli janly-jandara şol möhümini gijikdirmän, aýny wagtynda ýollaýar.” Şonuň üçin ol kişi arkaýyndy; Rahmet Eýesi bolan Zat (Kişi) özüniň suwsandygyny görüp durdy ahyry, şol sebäpden Onuň haýal etmän dadyna ýetişjekdigine ynanýardy.
Şeýle-de boldy. Bir salymdan ol adamyň öňünden bir guýy çykdy. Guýa girip, teşneligini gandyrdy. Suwy ýaradana we Onuň merhemetine şükür etdi.
Ol guýudan çyksa, onuň agzynda bir it duran eken. It şeýle bir suwsapdyr welin, haslap-haslap zordan dem alýardy, toprakdan azyjygam bolsa nem bolmazmyka diýýän ýaly, arasynda-da dilini ýere degrip görýärdi.
Ol öz ýanyndan pikir etdi: “Bu janawaram meň ýaly suwsapdyr. Yzyna çykyp bilmejegine gözi ýetensoňam, guýa girip bilen däldir”.
Ol gaýtadan guýa girdi. Ýanynda suw alar ýaly gaby ýokdy. Emma ol aýakgabyny çykardy-da, onuň bilen suw aldy. Ýokaryk dyrmaşmaly bolansoň, aýakgabyny agzy bilen tutup guýudan çykdy.
It suwy içip durka, onuň ýüzüne göýä minnetdarlyk bilen garap duran ýalydy. Şol wagt bolýan zatlary başga-da görüp duranlar bardy. Rahmanyň perişdeleri bu sahna ýylgyryp, hoşallyk bilen tomaşa edýärdiler. Olar bir-birlerine şu habary ýetirdiler: “Merhemetli Ýaradan bu rehimdar adamyň eden işinden şeýle bir hoşal boldy welin, Öz tükeniksiz merhameti bilen onuň öňki eden günäleriniň ählisini bagyşlady”.