Enes bin Mälik (ra) gürrüň berýär:

Bu waka pygamberimiz aleýhyssalatu wessalamyň döwründe bolup geçipdi. Alkama diýilýän bir ýaş ýigit bardy. Dinine diýseň gaýymdy. Gyş diýmän, ýaz diýmän oraza tutýardy. Gijelerine tä daň atýança ybadat edýärdi. Ynha, günleriň birinde bu ýaş ýigit birden agyr kesele ýolukdy. Dili tutulyp, eger-eger gepläp bilenokdy. Bu ýagdaýy Allanyň resulyna (asm) habar berdiler. Resuly-Ekrem (asm) hezreti Aly (ra) bilen Ammar bin Ýasiri onuň ýanyna iberdi. Bular Alkamä şahadat kelemesini getirtjek bolup näçe jan etselerem, onuň barybir dili aýlanmady. Onsoň hezreti Aly (ra) bu ýagdaýy Bilali-Hebeşiniň üsti bilen Allanyň resulyna (asm) ýetirdi. Şonda Allanyň resuly (asm):

«Alkamäniň ejesi, kakasy barmy?» diýip sorady. Ýanyndaky sahabalaryň biri onuň garry ejesiniň bardygyny aýtdy. Älemleriň serweri (asm): «Alkamäniň ejesini ýanyma alyp geliň» diýdi. Derrew Alkamäniň ejesini çagyryp, pygamberimizň (asm) ýanyna getirdiler. Allanyň resuly (asm) ondan: «Alkamä näme boldy? Onuň bilen araňyz nähili?» diýip sorady. Alkamäniň ejesi şeýle diýip jogap berdi:

– Eý, Allanyň resuly (asm)! Alkame diýseň gowy oglan. Ybadatyna gaty jür. Bütin wagtyny tagat-ybadat etmek bilen geçirýär. Şeýle-de bolsa men ondan razy däl. Sebäbi ol aýalynyň hatyrasyny meniň hatyramdan ileri tutýar.

Allanyň resuly (asm):

– Diýmek, şonuň üçin dili aýlanmaýan ekeni. Ony bagyşla, goý dili açylsyn – diýdi. Ýigidiň ejesi:

– Eý, Allanyň resuly (asm)! Ol meniň ýüregimi kän ýola agyrtdy. Men ony bagyşlaman – diýdi. Hezreti pygamber (asm):

– Eý, Bilal! Sahabalary çagyr! Derrew töwerekden odun ýygnap getirsinler, ot ýaksynlar. Alkamäni oda ýakýarys. Sebäbi ejesi ondan razy däl – diýdi. Ejesi:

– Eý, Allanyň resuly (asm)! Gözümiň öňünde oglumy ýakjak bolýaňyzmy?! Ýüregim muňa nädip çydasyn?! – diýende, Resuly-Ekrem (asm):

– Jähennemiň ody bu dünýäniň odundan has gyzgyndyr, ýakyjydyr. Sen ondan tä razy bolýançaň, onuň hiç bir tagat-ybadaty kabul bolmaz – diýdi. Alkamäniň ejesi aglap-eňräp:

– Eý, Allanyň resuly (asm)! Men ondan razy! Onuň günäsini geçýärin – diýdi we öýüne gitdi. Haçanda öýüne baranda Alkamäniň dili açylan ekeni. Onuň şahadat kelemesini aýdýany gulagyna geldi. Şol günem Alkame dünýeden ötdi. Onuň jynaza nymazyny Allanyň resulynyň (asm) özi okatdy we jaýlamaga gatnaşdy. Soňundan bolsa sahabalara ýüzlenip, şeýle diýdi:

– Eý, sahabalarym! Eý, muhajir! Eý, ensar! Aýalyny enesinden ileri tutan adama Allatagala we perişdeler nälet okar. Onuň parz we nepil ybadatlary kabul edilmez!