Bir gün bir oglanjyk aşhanada nahar bişirip duran ejesiniň ýanyna geldi-de oňa elindäki ýüzüne bir zatlar ýazylan kagyzy uzatdy. Ejesi eliniň ölüni bir ýaglyga süpürdi-de oglunyň ýazan zatlaryny okamaga başlady:
Howlunyň çemenligini oranym üçin bäş manat.
Bu hepde otagymy saýhallanym üçin bir manat.
Bir gezek seniň ýeriňe dükana gidenim üçin elli teňňe.
Sen bir zatlar satyn almak üçin giden wagtyň jigime seredenim üçin elli teňňe.
Hapalary daşaryk çykaranym üçin bir manat.
Oňat bahalar bilen gelenim üçin bäş manat.
Howluny arassalanym üçin iki manat.
Jemi on bäş manat.
Ejesi bu hasaby görüp, öňürti biraz aljyrady, gatyrganjak boldy, soňra bolsa, özüni dürsäp, elindäki kagyzyň arka ýüzüne çalt-çalt bir zatlar ýazmaga başlady.
Seni dokuz aý garnymda göterenim üçin MUZD ALMADYM.
Başujuňda uklaman geçiren her gijäm üçin MUZD ALMADYM.
Maňa çekdiren hupbatlaryň üçin MUZD ALMADYM.
Saňa alan oýunjaklarym, eşiklerim we iýer-içer ýaly zatlarym üçin MUZD ALMADYM.
Sapaklaryňa kömek edenim üçin MUZD ALMADYM.
Eşikleriňi ýuwup ütüklänim hem-de naharyňy bişirip berenim üçin MUZD ALMADYM.
Ejesi bu ýazanlarynyňam ýeterlik boljakdygyny pikir edip, kagyzy oglunyň eline tutduranynda, oglanjyk olary okamaga başlady we onuň her setirinde ýüzi has-da gyzardy.
Oglanjyk eden ýalňyşyna düşünipdi. Utanjyndan ýüzüni kesä sowup:
– Eje, men seni gowy görýän-ä. Meni bagyşla, bormy?! – diýdi.
Soňra bolsa, ruçkany aldy-da öz ýazan zatlarynyň aşagyna ullakan harplar bilen şeýle sözler ýazdy:
“HEMMESI NAGT TÖLENDI”.