ÝEKEJE ÝAGŞYLYK  

Bir wagtlar bir söwdagär ýaşaýardy. Öz ugruna ýaşap ýören biridi. Oňa dindar adam diýib-ä boljak däldi. Ýöne onuň bilen söwda eden adamlar hiç haçan puşman etmeýärdi. Ol adamlara gaty eglişik edýärdi, olara elinden gelen kömegi berýärdi. Ýüregi merhemetden, rehim duýgusyndan nesibini alypdy.

Günlerde bir gün ol adam ýogaldy. Ruhuny almak üçin bir perişde geldi-de ondan:

– Dünýä durmuşynda nähilidir bir haýyr iş etdiňmi? – diýip sorady.

– Bilemok – diýip jogap berdi, ol adam.

Hakykatdanam ne-hä bir ybadathana giderdi, ne-de beýleki gulluk wezipelerini ýerine ýetirerdi.

– Ýene bir gezek oýlan, belki ýadyňa düşer – diýip, perişde oňa biraz puryja berdi.

– Hiç zat ýadyma düşenok – diýdi, ol adam. “Emma dünýädekäm adamlar bilen söwda edýärdim. Şonda men, baý adamlara töleg geçme möhletini uzadardym, garyplara bolsa, töleg işlerinde ýeňillik ederdim, hatda köp gezekler olaryň ownuk-uşak egsiklerine göz ýumardym”.

Allah onu şojagaz ýagşylygy sebäpli bagyşlap, Jennetinden ýer berdi.