Güneşli howada howlynyň içinde aýlanyp ýördüm. Ülje agaçlary gülläpdi. Olar öz gülleri bilen beýleki agaçlaryň ýaşyl ýapraklarynyň arasynda bezemen gelin kimin owadan görünýärdi.

Guşlaryň ýumurtga basyryp, jüýje çykarýan döwrüdi. Mellegiň demirgazyk tarapynda ösüp oturan iki sany ülje agajynyň birinde höwürtge bardy. Ene guş esli wagtlap ýumurtgalaryny basyryp oturanyndan soň, ondan tüýsüz, iki sany gyzyletene jüýje çykdy. Enelerine uzakly gün mör-möjekdir çekirtge çöplemek iş bolýardy.

Şol gün howa günortana çenli güneşli hem maýyl boldy. Günortandan soň welin, howa bulaşyp ugrady. Ýyldyrym çakmaga, gök gübürdisiniň sesi ýüreklere wehim salmaga başlady. Ene guş entegem gara bermändi.

Seýregräk, iri damjalar bilen ýagyş damjyklap ugrady. Derrew içerik girdim, şolbada-da penjiräniň öňüne bardym. Jüýjejikler ýaly, menem olaryň enelerine garaşmaga durdum.

Guşuň gelmeýişine janym ýanýardy. Neresse jüýjejikler höwürtgelerinde şu mahal, gör, nähili ýagdaýdadyrlar!

Näme-de bolsa, ýagyş has güýjemänkä, ene guş dolanyp geldi we jüýjejiklerini ganatlarynyň astyna aldy. Muny görüp, ýüregim ynjalaýdy. Öz ýanymdan gaty begendim. Indi ýagşyň hasam köp ýagyp, ekinzarlyklary mazaly suwarmagyny islesemem bolýardy.

Isleýşim ýaly hem boldy. Ähli çukurlar suwdan doldy.

Ýagyş diňenden soň, öňi bilen eden işim merdiwany alyp höwürtgä tarap ylgamak boldy. Ýeňiljek şemal öwüsýärdi. Ýuwaşlyk bilen höwürtgäniň duran ýerine çykdym. Görsem, ene guş ganatlaryny ýaýypdyr, aşagynda-da jüýjejikler “jüýk-jüýk” edip ses edýärler!

Ýöne güýçli ýagşyň astynda ene guş tap getirip bilmän ölen eken. Jüýjejiklere seretsem, eneleriniň jansyz ganatlarynyň astyndan kellelerini çykaryp, iýer ýaly bir zatlar hantama bolup, agyzlaryny açyp durdylar.

Bu ýagdaýy görüp agym tutdy, aglamajak bolup, özümi zordan sakladym. Dessine merdiwandan düşüp, ejemiň ýanyna ylgadym. Gujagyna gysylyp, gören zatlarymyzy birin-birin gürrüň berdim.

Ejem:

– Gördüňmi, balam! – diýdi. “Eneler gerek bolsa, balalarynyň janyny halas etmek üçin öz janlaryny pida etmekden gaýtmazlar”.

…Ejemiň beren şol öwüdini soňam hiç unutmadym. Şol günden soňra bolsa, ony hasam gowy gördüm.

(Feýýaz Saglam)