AGTYK WE OÝUN

Ol günler sahabalar üçin ne gözel günlerdi. Öýlerinde otyrkalar, göresleri gelse, turup, Allanyň Ilçisiniň huzuryna baryberýärdiler. Bu şany belent sahabalardan hezreti Jabir (radyýallahu anh) bir gün Serwerimiziň (s.a.w) ýanyna ugrady. Huzuryna giren mahaly Ol (s.a.w) agtyklary Hasan bilen Hüseýini arkasyna alypdyr-da emedekläp, aýlap ýören eken. Bu görnüşe seredip, sahaba durup bilmän ýylgyrdy. Soňra bolsa:
– Ulagyňyz nähili oňat ulag eken, özüňizem nähili oňat çapyksuwar ekeniňiz! – diýdi.