BAGTLY ÇAGA

Guşuň-gurduň, garybyň-baýyň, gepiň gysgasy, ähli kişiň ýanynda bolan Serwerimiz (s.a.w) bir gün ogullygy Zeýdiň ogluny hezreti Aýşanyň ýanyna getirdi-de:
– Usamany suwa düşürsene! – diýdi.
Hezreti Aýşa (radyýallahu anha) ene bolup görmändigi üçin çagany nädip suwa düşürmelidigini bilmeýärdi. Şonda-da çagajygy alyp, suwa düşürmäge başlady. Onuň ýalňyş düşürýändigini gören Serwerimiz çagajygy onuň elinden aldy-da özi düşürmäge başlady. Düşürip otyrka-da Usama ýüzlenip şeýle diýdi:
– Eger Usama gyz bolan bolsady, oňa owadan köýnekler geýdirip, ony bezärdim!