HÜSEÝIN MENDENDIR

Günlerde bir gün Serwerimiz (s.a.w) bir ýere çakylyga ugrady. Ýolda barýarka, çagalar bilen oýnap ýören agtygy Hüseýini görüp, ony hem öz ýany bilen alyp gitmek isledi we oňa tarap ýöneldi. Çagalyk döwrüniň ähli gözelligini özünde jemlän Hüseýin muny bir oýuna öwürdi-de bir eýläk, bir beýläk gaçyp ugrady. Serwerimizem (s.a.w) onuň yzyndan edil onuň öz bolşy ýaly edip, saga-sola ylgamaga başlady. Ahyry tutdy-da eliniň birini ýeňsesine, beýlekisini bolsa, eňeginiň aşagyna goýup, ogşady. Soňra bolsa:
– Hüseýin mendendir, menem Hüseýinden! – diýdi.