Üç ýaşyndaky gyzymyz bilen ondan iki ýaş uly oglumyzam alyp, uzak bir ýere syýahata ugradyk. Gidip barýarkak çagalara miwe, şekolat almak üçin ýygy-ýygydan durýardyk, alan zatlarymyzy yzky oturgyçlara tarap oklan wagtymyz, her gezeginde “Al muny doganyň bilen paýlaş!” diýýärdik.
Gidip barýarkak, yzarlap barýan ýolumyzyň ikä aýrylýan ýerine – ýolaýryta gabat geldik. Aýalym sag tarapdan gitmelidigimizi aýtdy. Men bolsa çep tarapa gitmelidigi barasynda şüphe hem etmeýärdim. Ol sag, men çep diýip durkak, aramyzda kiçeňräk goh çykdy.
Maşyny özüm süremsoň gaz pedalyna basdym-da özüme görä dogry bolan ýoly saýladym. Aýalym meniň bu bolşuma gaharlandy, gaharynam meniň bilen gürleşmegi kesip görkezdi.
Birsellem hiç hili gürleşmän ýöredik. Biziň dymyp barşymyz çagalara-da täsir etdi. Olaram gürleşmeýärdi. Ýöne bu ýagdaý kiçijik gyzymyň halys ýüregine düşen bolarly, ol uzak oturyp bilmän, öňki oturgyçlara tarap eglip, ejesiniň ýaňagyndan şapbyldadyp ogşady-da:
– Al muny kakam bilen paýlaş! – diýdi.
Şeýlelikde maşynyň içindäki “sowuk howa” syrylyp gitdi. Syýahatymyzyň dowamy ýene öňküsi ýaly şatlykly, hezil dowam edip başlady. Ýüz kilometre töweregi ýöränimizden soň, aýalymyň aýdanynyň dogrudygyny, meniň aýdanymyň bolsa ýalňyşdygyny bilmegimiz hem, meniň kejirligim sebäpli azaşandygymyza göz ýetirmegimiz hem keýpimizi bozup bilmedi. Sebäbi bolan zatlaryň ählijesi kiçijik gyzymyň bize beren sapagynyň ýanynda hiç bolup galýardy.