Adamsy agşam işden öýüne dolanyp gelende, öýüň gözgyny halyny görüp, gaty geň galdy: ulanylan gap-gaçlar saçagyň başynda üýşüp dur, polda palçykly aýak yzlar bar, düşekler şol serilgiligine dyr-pytrak bolup dur, gijelik eşikler, joraplar o taýda-bu taýda dagaşyp ýatyr. Üstesine agşam naharam taýýar däl.
Öýüň bu ýagdaýyny görüp, dälilik kaddyna ýeten adam, esli wagtlap öý bikesini gözledi. Ahyry, balkonda, bir oturgyçda kitap okap otyran “ýitiginiň” üstünden bardy. Gaharly hem aladaly ses bilen:
– Bu gün saňa ne döw çaldy beýle?! – diýip sorady.
Aýaly känbir pitiwa-da etmän, ýüzüni oňa tarap öwürdi-de:
– Hiç döwem çalanok, hojaýyn – diýdi. “Her gün agşam gelip maňa: “Uzakly gün oturyp, öýde näme iş edýändirin öýdýäň?!” diýip, soran bolýardyň-a. Hawa, bu günem men, ana, şol hiç zady etmän gördüm. Hakykatdanam öýde näme işler edýänimi görkezmek üçin”.