ŞERTLEŞIK

Ýaňyrak durmuş guran ýaş çatynjalar bir gün agşam öýlerinde ondan-mundan gürrüň edip otyrkalar, nireden, nädip çykany belli bolmadyk bolgusyz bir mesele sebäpli aralaryna tow düşüp, jedelleşmäge başladylar.
Jedel ýaş gelniň ýüregini agyrdyp ugrady, şonuň üçin ony uzaga çekdiresi gelmedi:
– Men özümiňkiň nädogrudygyny boýun almaga taýyn. Ýöne bir şertim bar: senem meňkiň dogrudygyny kabul etmeli! – diýdi.
Ýoldaşy:
– Bolýar! Goý, seň diýeniň bolsun… – diýdi. “Sypaýy adam hökmünde söz sözlemek hukugynam öňi bilen saňa berýärin. Hany bol, boýun al, indi”.
Gelin:
– Senden ötünç soraýaryn, ýaňky jedelde meňki nädogrudy – diýdi.
Ýoldaşy edil şertleşişleri ýaly, nagt jogabyny berdi:
– Sen mamla, keýwany!