GUŞA NÄME BOLDY

Pygamberimiziň mübärek egindeşleri bolan sahabalardan Enes bin Mäligiň (r.a) inisi Ebu Ümeýriň bir guşy bardy. Ony gowy görerdi, hemişe onuň bilen oýnardy. Bir gün şol guşjagaz öldi, oglanjygam muňa gaty gynandy. Serwerimiz (s.a.w) Ebu Ümeýre gabat gelende:
– Bu çaga näme üçin beýle tukat? – diýip sorady.
Ondan-mundan soraşdyryp, näme bolanyny eşideninden soň oglanjyk bilen ýakyndan gyzyklanan Allanyň Resuly oňa göwünlik berdi.
Soňra Serwerimiz (s.a.w) ony her görende, degişip:
– Eý, Eba Ümeýr! Kiçijik guşuňa näme boldy? – diýip sorardy.