Ümmi Fadl agtyklary Hasan bilen Hüseýinden birini Serwerimiziň (s.a.w) ýanyna getiripdi. Çagajyk Pygamberimiziň gujagyndaka aşagyny ölledi. Çaga-da, näme edýänini nä bilsin…

Pygamberimiz bu mesele babatda terzinem üýtgetmedi, Ümmi Fadl bolsa:
– Allanyň ilçisiniň üstüni hapaladyň – diýip, onuň egnine kakdy-da gatyrganjak boldy.
Pygamberimiz (s.a.w) bolsa:
– Alla saňa rehim etsin. Oglumyň egnini agyrtdyň, ana – diýip, çaga çemeleşilende giň göwrümli bolmalydygyny görkezdi.