ALTYNJY BÄBEK – OGUL

Bir aýalyň bäş sany gyzy bardy. Irräk durmuşa çykansoň, özi hem entek ýaşrak bolany üçin bäş gyzdan soň bir oglunyň bolarynam arzuw edýärdi. Gije-gündiz Beýik Ýaradana doga edýärdi, özüne bir ogul bermegini sorap ýalbarýardy. Diňe bir onuň özi däl, eýsem, bäş gyzy, ýakyn garyndaşlary, hatda goňşularyna deňiç olaryň altynyj çagalarynyň oglan bolaryny dileýärdi.
Bulardan başga öýüň garry hyzmatçysam gije-gündiz olaryň altynjy çagasynyň oglan bolmagy üçin dileg edýärdi.
Ahyry, arzyly gün gelip ýetdi we altynjy çaga dünýä indi. Alla edilen dogalaryň ählisini kabul edip, bulara bir ogul bäbek nesip etdi. Ýöne bäbejik biraz betnyşandy. Dogrusy, täze doglan bäbekleriň ählisem ilkiler azrak bedroý bolýar, emma bu çaganyň bedroýlygy hasam mese-mälim bolup durdy.
Enäniň, elbetde, oňa üns berjek gümany barmy?! Alla ahyry oňa bir ogul nesip edipdi, şonuň özem onuň üçin ullakan bagtdy. Häzir onuň iň esasy wezipesi Ýaradana köp-köp şükür edip, gujagyna berlen bu kiçijik, emma örän gymmatly amanata gözüniň göreji deý bakmakdy.
Ýöne öýe bäbek gördä gelen goňşy-golamlar bäbegiň gepini etmän durup bilmediler.
– Ah, janym, ahyry bir ogluň boldy welin, özi gaty bedroýda!
Ene bu sözleri eşitmedik boldy. Ýöne hyzmatçy aýal durup bilmän gep edeniň nagt jogabyny berdi:
– Siziň aýdýanyňyz näme, goňşy hanym?! Alla bize bir sowgat iberdi ahyry, siz bolsa onuň daşky dolagyna seredip, äsgermejek bolýaňyz!