GADAGAN ÖÝLER

Uzak ýoldan gelýän kowçumyň öňündäki jülge tä gözýetime çenli uzap gidýärdi. Bu jülgäniň girelgesi ullakan iki gaýanyň arasyndaky darajyk ýerdi. Ýeke adam zordan sygýan ol geçitden ýekän-ýekän geçip, jülgä aralaşan ýolagçylar öňlerinde ol ujy tükeniksizlige ýazyp gidýän uzyn bir ýol gördüler. Geçitden geçen her ýolagçyny ýoluň başynda duran duýduryjy garşy alýardy. Duýduryjy adamyň ruhuna täsir edýän mylaýym sesi bilen şeýle zatlardan habar berýärdi:
– Eý, ýolagçylar! Şu ýoly sypdyrman göni gitseňiz, jülgede hiç hili howply zada sataşman edil köşgüň üstünden bararsyňyz. Ol köşkde ýadanlara ýumşak düşekler, suwsanlara ajap şerbetler, ajyganlara bir-birinden lezzetli saçaklar garaşýar. Emma ýoluň ugrundaky gadagan edilen öýlere giräýseňiz weli öz-özüňize zelel ýetirersiňiz!
Ýolagçylaryň ýoluň iki gyrasyna hatar-hatar edilip düzülip goýlan öýleri şol wagt bilip galdylar. Daşyndan görene örän kaşaň görünýän we göreni özüne çekýän bu öýleriň her biriniň gapysynyň üstünde başga-başga ýazgylar asylgydy. Käbirinde “Oýun-hezillik öýi” diýip ýazylgydy, aşagynda-da şular ýaly düşündiriş bardy: “Bu ýerde isleýşiňje oýun oýnap, hezillik edip bilersiň”. Başga bir öýüň gapysynda “Kekirdegiňe çenli iýmek öýi” diýlen ýazylgydy, “Geliň, giriň, gerk-gäbe doýuň” diýilýärdi. Başga öýleriň gapylarynda-da başga zatlar ýazylgydy: “Erkinlik öýi”, “Keýp-u-sapa öýi”, “Ýaltalyk öýi” we şuňa meňzeşler. Her bir öýde hökman aýdym-sazyň we şady-horramlygyň sesi ýaňlanýardy.
Ýolagçylaryň ünsüni ýene bir zat özüne çekipdi: öýleriň gapylary açygam bolsa, olaryň öňüne gara tuty çekilendi.
Şeýlelikde her ýolagçynyň kellesinde soraglar döräp başlady. Ýoluň başyndaky ynamdar duýduryjynyň sesine gulak asmalymy ýa-da bu öýleriň görnüşi özüne çekýän daşky keşbine aldanmalymy? Kimiň haýsy damary gowşak bolsa, şol damaryna seslenýän öýüň deňine baranda, bikarar bolýardy. Ýaltalar “Ýaltalyk öýüniň” öňünde eglenýär, bokurdagyna gyzmalar “Kekirdegiňe çenli iýmek öýüniň” öňünde näme etjeklerini bilmän ikirjiňlenip durýardy.
Her kim ki, bir öýüň gapysyna çenli baryp tutusyny galdyrsa, aňyrdan gizlin bir el ony içerik çekip alýardy. Ol ýerde bolan wagtlary başdan geçiren zatlarynyň nähili howply zatlardygyny diňe ol ýerden zordan halas bolanlaryndan soň düşünip galýardylar. Bu öýlere girmek aňsatdy-da olardan gutulmak kyndy. Birentegi, şeýle-de, ol öýlere bir gezek girenden soň gaýdyp yzyna çykmaýardy, bütin ömürleri boýunça şol ýerde tussaglykda geçirýärdi.
Şu iki arada, san taýdan az hem bolsa, käbirleri bu öýlere ünsem bermän, diýduryjynyň duýduryşlaryna gulak asyp, ýollaryny gös-göni dowam etdiler. Baran köşklerinde-de müň dürli nazy-nygmat bilen garşy alyndylar.