UMYT

Ir döwürler bir adam ýaşapdyr. Örän baý adam eken. Emma töweregindäki adamlar onuň ybadat edenini hiç görmändirler. Hakykatdanam ol adamyň dini amal babatda hiç bir hereketi ýokdy. Ýöne Alladan we onuň azabyndan gaty gorkýardy, rahmetindenem şeýle umydygärdi.
Bu adam karz sorap gelen hiç kimi boş gaýtarmaýardy. Olara karz berýärdi we öz adyndan karzlaryny ýygnaýan hyzmatçysyna-da şeýle tabşyrýardy:
– Aňsat berip biljeklerden – barjamlylardan al; aňsat berip bilmejeklerden – garyplardan alma, olaryňkyny geçip goýber. Şeýtsek, belkem, Alla-da biziň günämizi geçer.
Ol adamyň bu bolşuny görüp, beýik Ýaradan öz perişdelerine şeýle seslendi:
– Menem şol gulumyň günälerini geçdim!