Başga bir şähere göçüp baran çatynjalar edil öz göwünlerindäki ýaly bir öý tapdylar. Ýöne ol öýüň hyrydary başga-da kändi, olaryň sanawynda özleri on bäşinji orunda durýardylar, şonuň üçin känbir umyt ederlik ýagdaýlary ýokdy. Şonda-da öý eýesiniň özlerini çaýa çagyryşyna geň galdylar.
Öý eýesiniň aýdan wagtynda öýe baranlarynda özlerinden başga-da birgiden adamyň çagyrylandygyny gördüler. Myhmanlaryň käbiri özleri ýaly ýat adamlardy, ýöne olaryň agramly bölegi bir-birlerini gowy tanaýardy.
Ýaş çatynjalar oňat geçen agşamdan soň, örän geň galmak bilen birlikde, öz galýan myhmanhanalaryna dolanyp bardylar.
Ertesi güni entek günorta bolmanka öý eýesinden telefon geldi:
“Öýümi size satmaly diýen karara geldim. Düýn öýüň beýleki hyrydarlaryndan bäş maşgala bilen birlikde siziňem gatnaşan çaý içişligiňizde, goňşularym, esasanam siz ýaly maşgala bilen goňşy bolup ýaşamagy arzuw edýändiklerini aýtdylar. Enşalla, ol ýerde bagtly bir ömür sürersiňiz”.
James Hughes

Türkmen aga: “Kyýamat güni goňşudan” diýýär. Goňşular seniň kimdigiňe öňi bilen şaýat bolýan adamlar. Hakyky ynsandan goňşusy arkaýyndyr, şeýle-de bolmalam. Emma goňşusynyň her hili ýamanlygyna göz ýumýan adamynam ýagşyzadalar halap barmandyr. Onuň ýaly kişini öz sözlerinde şeýle beýan edipdirler: “Ölen wagty goňşulary “Näme bolsa, şundan-a dynaýdyk” diýmeýän bolsa, ol adam hemme kişini ugruna kowup, ähli kişiniň göwnüni tapyp, ähli zada göz ýumup, arkaýynçylykda ýaşap ýören bahbitçil adamdyr”. Hawa-da, durjak ýeriňi gowy bilmeli…