BERLEN SÖZ

Foks öz ýurdunda iň uly oratorlaryň – halkyň öňüne çykyp gepleýän suhanwerleriň biri hasaplanýardy. Adamlar onuň sözlerini üns bilen diňlärdiler hem aýratyn ähmiýet bererdiler. Sebäbi onuň ýalan sözlänini ýa-da beren sözüni tutmadyk ýerini gören ýokdy. Aýdyşlaryna görä, onuň bu häsiýetiniň kemala gelmeginde kiçikä başdan geçiren bir wakasynyň täsiri uly bolupdyr. Kiçijik Foks gurply maşgalalaryň çagalarynyň gatnaýan hususy mekdebinde ýatymlaýyn okaýardy. Ejesi bilen kakasynyň ýanynda diňe … Continue reading BERLEN SÖZ

GALÝAN PEÝDASY HANY

Uzak ýyllardan bäri naharhana ýöredip gelýän bir adam hasabyny hemişe öz bilýän usulyna görä tutardy. Töleg geçmeli pullaryny kassanyň sag tarapynda goýlan suýji gutusyna salardy, gündelik girdejisini kassada, çykdajylarynyň töleg kagyzyny bolsa, sag tarapdaky başga bir gutuda saklardy. Iň kiçi ogly hasapçylyk bölüminde okap, diplomly hasapçy bolandan soň kakasynyň öz pullaryny hasaplaýyş usulyny hem gaty ýöntem, hem ýalňyş hasap edip ugrady. Bir gün: – Bu … Continue reading GALÝAN PEÝDASY HANY

ADAM DIÝDIŇMI?

“Adam gatnaşyklary” diýen düşünje bar. Bu düşünje biraz üýtgeşigräk galypda her dilde bardyr. Bu döwür, şol düşünjäniň has öňe saýlanan döwri. Hemme milletde üns berilýär. Ýöne ol düşünjäniň içini her millet özüçe doldurýar. Onuň, ähli milletlere düşnükli umumy manysyndan başga-da, her milletiň özüne mahsus aýratyn manylary-da bolup bilýär. Kiçijigem bolsa, bu kyssa-da biziň düşünjämize goşant bolsun… Hatimi-Esam atly Hakyň dostlaryndan biri bardy. Köp adam ýetişdiripdir, … Continue reading ADAM DIÝDIŇMI?

ÝEKE-ÝEKEDEN

Synlap tylla Günüň batyp barşyny — Aslyşyp zor bile dagdan-depeden, Bildim günleň meni terk edýänini Ýeke-ýekeden. Ýöne Gün adam däl, dogar ýene-de, Säher ýene guşlar joşup ses eder. Uzar barar ak günleriň kerweni Ýeke-ýekeden. Geçibersin günler, ýöne siz beri, Göwne degip, söz oklamaň keseden. Çünki adamlaram gidip barýar-la Ýeke-ýekeden. Goja Zemin içre bir hakykat bar, Göz ýetirer geçmişine eseden: Hemme zat döreýär, ýitýär ähli zat … Continue reading ÝEKE-ÝEKEDEN

ARSLAN BILEN TOWŞAN

Birgiden haýwanyň ýaşaýan ýeri bolan owadan jülge bardy. Ol ýerde bir ýolbarsam ýaşaýardy, beýleki haýwanlaryň hemmesi ondan eýmenýärdi. Sebäbi ol bukuda ýatyp, göwnüniň halan haýwanyny awlaýardy. Şo sebäpden o gözel jülge haýwanlar üçin ýigrenji bir ýere öwrülip barýardy. Bir gün haýwanlar üýşüp, bir karara geldiler. – Mundan soň, ýolbars bukulyp bizden birini awlajak bolup ýörmesin-de, biziň özümiz oňa her gün aramyzdan birini saýlap ibereli, şeýtsek … Continue reading ARSLAN BILEN TOWŞAN

ŞEMALA

Penalap daga duwlanýaň, Gelýäň ýene menzil aşyp. Şemal ne beýle towlanýaň, Gussalarma çolaşyp? Ýedi yklymda dyz epmän, Ýadaňokmy eýaman! Ýedi gapyda ýer tapman, Ygyp ýoren sergezdan. Saňa juda haýpym geldi, Hopugyp, kalby daraltdym Gör, daglarda göwnüň galdy, Daşlara ýüzüň saraltdyň. İndi az-kem köşeşdiňmi, Çyrpynyp deňziň erninde. Däliräp suwa düşdüňmi, Balygyň otly garnyňda. Daň säher doganok güneş, A seň bolsa,ýok kararyň. Sen şeýle ýüregme meňzeş, Köşeş … Continue reading ŞEMALA

EJEMIŇ ÖWÜTLERI

Ejem çaga wagtym meni gujagyna alardy-da, ullakan hakykatlary arassa beýnimiň içine men düşüner ýaly edip ýerleşdirmäge çalşardy. Muny, umuman, başarandygyna indi has oňat düşünýärin. Çünki, ejemiň meniň gulagyma pyşyrdap aýdan hakykatlaryny hiç haçan unutmadym. Özi örän dindar aýal bolan ejem ýygy-ýygydan maňa şeýle diýerdi: – Alla hemişe ýagşylaryň hem dogrularyň ýanyndadyr. Ine, bir gün ulalarsyň. Belkem, senden ýalňyş hereketler etmegiňi islärler. Olaryň isleýän zady seniň … Continue reading EJEMIŇ ÖWÜTLERI