Agaç agaja bakar,
Arasyndan suw akar.
Akar üçin parhy ýok, –
Ikisinem deň ýakar.

Ikisi-de deň öser,
Başyn sypap ýel öser.
Daş-töwerek guwanar,
“Ösüşleri ne ýeser!”

Akar akar-da gider,
Baryp bir teşnä ýeter.
“Haýsy kenar gowy?” diýp,
Agaçlar pikir eder.

Örüsi ýaýrap gepiň,
Wagtyny alar köpüň.
Çep kenar saga zardyr,
Sagam zarydyr çepiň.

Olar miwe getirer,
Emma gamly oturar.
“Oň kenary gowy!” diýp,
Aglar, ömrün ötürer.

Gurbannazar Ezizow