ÝAZ ÝAGYŞY

Ýagyş damjalarynyň ýere sary syýahatlary rahmet deňizinden başlady. Ol ýerden bulutlaryň üstüne mündüler. Soňra görünmeýän güýçli hem rahmetli bir el olary sürtgüç ýaly sykyp, ýere ýollamaga başlady. Her bir ýagyş damjasynyň ýere sag-aman baryp ýetmegi üçin olaryň hersi bir perişdä tabşyryldy. Her bir damja bereketiň, rysgalyň hem-de bollugyň buşlukçysydy.
Emma ýagyş damjalarynyň hemmesi şol bir ýere düşmedi. Käbiri bitginli ýerlere, käbirleri gaýalyklara, käbirleri bolsa, çägeli çöllere ýagdy.
Çöllere düşen ýagyş damjalary çägeleriň arasy bilen aşaklygyna siňip gidiberdi. Gelişleri ýaly gaýyp boldylar. Çöl ne-hä suwy saklabildi, ne-de ol suwdan bereketli ekinleriň gögermegine rugsat berdi.
Käbir ýagyş damjalary-da bitginli bolup görünýän topraklara düşdi. Ýöne olar bitginli däldiler, diňe suwy öz üstlerinde saklap bilýärdiler; soň olardan haýwanlar hem adamlar peýdalandy. Adamlar ol suwlary äkidip, ösümlikdir miweli agaçlary ýetişdirdi.
Käbir ýagyş damjalary bolsa, hakykatdanam bitginli topraklaryň üstüni düşüpdi. Bu topraklar ýagyş suwuny hem özlerinde saklaýardylar, hem-de olardan täze-täze, bol we bereketli otdur ösümlikleriň gögermegine sebäp bolýardylar. Bu topraklarda gögeren şol ösümliklerden haýwanlaram, ynsanlaram peýdalandylar, ryzklandylar.
Edil ýagyş damjalary ýaly, ýeriň ýüzüne ýagmyryň başga görnüşi ýagdyryldy. OL ýeriň üstündäki ýüreklere we akyllara ýagdyryldy. Bu gezekki ýagmyr “hidaýat” – “dogry ýol” ýagmyrydy. Olar hidaýat deňizinden örän bol edip iberilipdi, ýeriň ýüzüne. Ony indermek wezipesi bir nebiniň, pygamberiň işidi. Mähirli hem merhemetli ol pygamber, perişdeler kimin ol hidaýat ýagmyryny ýeriň çar künjüne serpdi. Ýöne olar edil ýagyş damjalary kimin, dürli hili adamlara gabat geldi.
Birentekleri ýagyşy tutman üstünden geçirip göýberen çägeler kimin hidaýaty üstünden geçirip goýberdi, tutjagam bolmadylar. Ne özleri peýdalandy, ne-de başgasynyň peýdalanmagyna pursat döretdi.
Käbirleri-de ol hidaýaty özünde saklap galdy, özlerine känbir peýdasy degmese-de, başgasynyň peýdalanmagyna sebäp boldylar.
Birentekleri-de edil bitginli topraklar mysaly, ol hidaýaty ýürekleri bilen, akyllary bilen öwrendiler. Munuň bilenem oňman, ony başgalaryna öwretmäge, perişdeler kimin ony göterip her ýere äkitmäge çalyşdylar.