BÖWÜRSLENLI TORT

Iýun aýynda mekdepden boşap, dynç alyşa çykan badymyza tomus paslyny tutuşlygyna babamlarda geçirmek üçin olaryň ýaşaýan ýerine giderdik. Ol ýerde her ýyl görer ýaly, öwrener ýaly, oýnar ýaly şeýle kän zatlar tapylýardy welin, hoşuň gelsin!.. Babam meniň üçin, jigilerim üçin hem dostdy, hem mugallymdy. Şeýle-de, bu töwereklerde atamy halamaýan ýekeje çaga-da görmersiňiz.
Babam, gyz jigim bilen ýoldaşlarymy alyp, öz ekin ýeriniň ýakynlaryndaky kiçeňräk baglyga bögürslen toplamaga gitmegi gowy görýärdi. Olar bilen menem giderdim. Ýöne men ýaltadym, iň kiçi sebedi saýlap alardym-da beýlekiler ýygnap bolýança men bir agajyň kölegesine geçip dynjymy alardym.
Ýene şolar ýaly bir gün bögürslen çöplemäge gidenimizde sebedimiň düýbüni çemenden, gyrymsy otdan doldurdym. Üstüne-de bildirmez ýaly biraz bögürslen ýygyşdyryp goýdum. Sebet agzyna çenli doly görünýärdi. Babam maňa guwanýandygyny uly buýsanç bilen aýtdy.
Ertesi irden mamam toplan bögürtlenlerimizden tort edipdir. Meniň üçinem beýlekileriňkiden aýratyn kiçijik tort ýasan eken. Ol şeýle bir özüne çekiji görünýärdi welin, durup bilmän dessine iýmäge başladym. Birinji lukmamy agzyma salanymda bögürsleniň tagamyny aldym, ýöne ikinji lukmamy salan wagtym agzyma bir hili-bir hili zatlar gelip başlady. Ýuwdup bilmedim. Asyl, tortuň aşagyna meniň öz getiren çemenlerimi goýan ekenler. Nähili geňirgenenimi özüňiz çak edensiňiz.
Babam ýylgyryp durşuna maňa garap:
Kimde-kim başgalaryny aldajak bolsa, aslynda ol diňe özüni aldaýandygyny bilmeli – diýdi-de başga kelam agyz söz diýmedi.
Şeýdip babam bilen mamam maňa oňat sapak berdiler. Şondan bäri maňa dogrulykdan aýrylandygymy aýdan ýekeje adam bolmady.

Feýýaz Saglam