Rum ilinde, Dalmaçýada ermeni milletinden bolan bir adamyň ýanynda ýumuş oglany bolup ýören 10-12 ýaşlaryndaky Josef Maskowiç atly oglanjyk gara gyşyň aňzagynda, buzuň üstünde, aýakýalaňaç ýykylyp-sürşüp suw daşap ýörkä, goňşularyndan pukaraja dul aýal onuň gözgyny halyna gynanyp, ärinden ýadygärlik galan bir jübüt aýakgaby çagajygyň aýagyna geýdiripdir.
Şondan soň aradan esli ýyl geçýär.
Şol iki arada Osman ogullary ol ýerleri eýeleýär, ol aýal bolsa musulmançylygy kabul edip, dogry ýoly düşýär.
Günlerde bir gün, halys garran ýaňky aýalyň gapysy kakylyp, işiginde bir torba goýup gidilýär. Torbanyň agzyny açan garrynyň, bir wagtlar ärine degişli bolan bir jübüt aýakgaba eli degýär-de, birdenkä gorum-gowşak bolup, duran ýerinden gymyldap bilmän oturýar. Ol aýal birhaýukdan özüni dürsäp seredip görse, aýakgaplaryň ikisiniň hem içi tylladan doly eken. Pahyrjyk kilimiň üstüne dökülen altynlary ýygnajak bolup haýdap ugranda, gözi bir kiçijik kagyza kaklyşýar. Bir sagatdan gowrak wagt soňra, şol syrgynyň ymamy kagyzdaky ýeke sözlemlik ýazgyny oňa okap berýär:
“Ene jan! Buzda doňara gelen aýaklaryna şu aýakgaby geýdiren oglanjygyň bu gün saňa bolan bergisini üzmekçi bolýar!”
***
Bu ýazgynyň Beýik Osman döwletiniň deňizçisi, Hanýany eýelän, ýaragdar Ýusup Paşanyň hut öz döwedinden çykandygyny ol gün hiç kim bilmeýär.
Tä Osman döwletiniň arhiwinden ýaňky agzalan tyllalaryň hasaby ýöredilende ulanylan resminama ýüze çykana deňiç…
