Göwnüm, göwnüm, eziz göwnüm,

Diýme muňa öwündigim.

Otuza ser uran günüm

Ahyr bildim göwündigiň.


Il derdine ters bakmadym,

Ony duşdan geçirmedim.

Goňşymyň için ýakmadym,

Hem oduny öçürmedim.


Aç bolmadym, ýöne weli,

Doklugymdan gägirmedim,

Ýigit kimin söýdüm ili,

Söýýän diýip gygyrmadym.


Ýöne şum iş gyssanynda,

Basylanda käte sussum,

Özüm däl, dost-ýarym üçin

Seni köpräk öňe tutdum.


Bu türkmeniň bahary deý

Ýaşlygymyz geçýär basym,

Il başyna düşen işden

Bizi hiç zat goramasyn.


Hakyň gözüne bakaly,

Şer iş ýerden göçer ýaly,

Ýüreklerde ot ýakaly,

Ojaklary öçürmäli.


Aglaly, bile güleli!

Myrat tapsyn maksat tutan.

Biz näm bolsak şo bolaly.

Bolsa bolýar, Eziz Watan!


Gurbannazar Ezizow