Pişekli ýöremäge entek endik etmändigi bellidi, onuň üçin awtobusa münmek örän hupbatlydy, ähli ýolagçylar özüne dikanlap seredýändigi üçin aljyraýardy. Maýyp ýigit şeýdip garabaşyna gaý bolup durka, sürüji kellesini öz tarapyndaky aýnadan daşaryk çykardy-da, hamana, ýoluň o ýüzünde hemmäni gyzyklandyrýan gaty geň bir waka bolup duran ýaly, aladaly görnüşde şol tarapa seredip ugrady.
Ony gören ýolagçylar maýyp ýigide seretmeklerini bes edip, näme bolýarka diýen manyda bilesigelijilik bilen sürüjiniň seredýän tarapyna sary garamaga başladylar.
Göze ilip duran ýerde ünsi çekerlik hiç zat ýokdy. Sähel salymdan ýaş ýigidiň awtobusa münenini gören sürüji kellesini yzyna çekip aldy-da açary towlady.
Ýolagçylar: “Sürüji nirä seredip durdy?” diýşip, biljek bolup başagaý bolup durkalar, sürüji bilen maýyp ýigit alynky aýnadan bir-birine garap, ýylgyrmak bilen baş atyp salamlaşdylar.
