Habarçy ýetişibildiginden ylgaýardy. Dagyň o ýüzünde duşman ordasynyň goş basyp ýatanyny görüpdi, olar onuň ýaşap oturan şäherine çozup, ol ýerdäki ýaşaýjylary gapyllykda basaýmagy ahmaldy. Haýdan-haý şähere ýetip, olara habar bermelidi. Ylgady, ylgady, ýadawlygyna üns bermän ylgady. Gören ordasy duşmanlaryň iň ganymydy. Olaryň ýüreklerindäki ýigrenç odunyň zyýany diňe bir adamlara däl, eýsem haýwanlara-da, öýlere-de, zatlara-da ýetjekdi. Ähli zady ýakyp-ýykjakdylar. Şol zatlary kellesinde aýlanda, habarçynyň injigine kuwwat gelen ýaly boldy.
Şähere giren badyna bar güýjünden gygyryp, adamlary meýdana ýygnady. Onuň sesini eşidenler beýlekilere-de habar berip, onuň getiren habaryny diňlemäge gitdiler. Şol güne deňiç hiç kim onuň ýalan sözlänini görmändi, şonuň üçin hiç kimde şüphe ýokdy, hemmeler oňa ynanýardy. Eger bular ýaly howsala bilen adamlary meýdana toplan bolsa, onuň berjek habary gaty möhüm bolmalydy.
Habarçy düşnükli bolar ýaly edip sözleriniň üstüne basa-basa gürledi:
– Dostlar! Dagyň o ýüzünde öz gözüm bilen duşman ordasyny gördüm. Şäherimize çozmaga taýynlanýarlar. Najadyňyzy öňünden göreriňiz ýaly, men bu howpy size habar berýärin.
Ony üns bilen diňlän märeke çala gozgalaň tapdy. Adamlar öz aralarynda gürleşmäge başladylar. Bir haýukdan soň şäheriň ketdelerinden biri ulumsylyk bilen öňe çykdy-da märekä garap şeýle diýdi:
– Eý, halaýyk! Biz ol goşun bilen nijeme ýyl bäri uruş-sögüşsiz ýaşap ýörüs. Gaýa-gopuz ýok ýerinden nä sebäbe bu wagt üstümize çozup gelsin? Meniň pikirimi sorasaňyz, bu ildeşimiz ýa-ha salgym gördi, ýa-da gören zatlaryna ýalňyş düşünýär. Gepiň küle ýeri, endişe etmäge we öňden gelýän düzgünimizi bozmaga hajat ýok.
Märekeden birentekleri bu gaýşaryp duran, barjamly, gedem adamyň aýdanlaryny baş atyp makulladylar. Gepiň eýesem, ony makullanlaram jemgyýetdäki orny taýdan özlerinden pes bolan bu garyp hem ýönekeý adamyň getiren habaryna görä hereket etmegi özlerine kiçilik bildiler. Şonuň üçin habarçy entek habaryny ýetirmänkä, onuň getirenlerini makullamazlygy ýüreklerine düwüpdiler…
Soňra jemendäniň içinden başga bir barjamly ýöne pespäl bir adam çykyp, habarça arka çykdy:
– Jemagat! Men habarçynyň aýdanlaryna ynanýaryn, sizem ynanyň. Onuň şu çaka çenli ýalan sözlänini gören barmy, nä?! Onuň nähili ynamdar hem dogruçyl adamdygyny hemmämizem bilýäris. Şunuň özem oňa ynanmaga ýeterlik sebäp dälmi, eýsem?! Geliň, hemmämiz bilelikde garaňky düşmänkä şäherden aýrylyp, duşmanyň hüjümini puja çykaralyň!
Şeýlelikde şäheriň halky ikä bölündi. Garyp habarçynyň aýdany bilen ýöremegi özlerine kiçilik bilen ulumsylar oňa ynanyp şäherden aýrylmagy unamadylar. Kiçigöwünli adamlar bolsa, habarçynyň aýdanlary bilen bolup, gije düşmänkä şäherden uzaklaşdylar.
Säher wagty, hemmäniň süýji ukyda wagty duşman ordasy şäher halkynyň üstüni basdy. Öňlerinden çykan ähli zady ýakyp-ýykdylar, jan göterýän gara görseler binurbat ýok etdiler. Ulumsylar ýalňyşandyklaryna şo wagt düşünip galdylar, emma indi giçdi: “Käşgä oňa gulak asan bolsadyk!” diýmäge-de pursat tapmankalar, duşmanyň birehim gylyçlarynyň astynda jan berdiler. Kiçigöwünli kişiler bolsa, gaçybatalga hökmünde bir dagyň gowagyna sygynyp, oturan ýerlerinden bolup duran zatlary gynanç bilen synlaýardylar hemem öz janlaryny halas eden habarçyny gutlap, oňa minnetdarlyk bildirýärdiler.
