Zorum ŷokda, zarym bardyr

Bir ŷylgyr doňmasaň bolŷa!

Ak süŷt beren öwülŷädir

Şoňa daş zyňmasaň bolŷa!

Kimseleriň gözi alda

Kimseler set müň hyŷalda

Janam lowla, orta ŷolda

Tüsseläp sönmeseň bolŷa!

İlden-günden alyp gerim

Asmana ŷetse-de seriň

Ŷagysy kän ejizleriň

Gerşine münmeseň bolŷa!

Oŷlan, ŷalňyşma göçümde,

Ahmyryň galsyn içiňde.

Aglanyň ŷandan geçeňde,

Gözleriňi ŷummasaň bolŷa!

Dar köňüli baglan bire

Ŷaŷ ganatyň giňdir öre

Dowul turzup ŷersiz-ŷere

Rysgalňy kemmeseň bolŷa!

Sen şa sen, men munda keniz

Ŷürek ejiz, Köňül Zelil.

Yzyna gaŷtarma welin,

Edenmi gömmeseň bolŷa!

ŞÄHRIBOSSAN