ŞEMALA

Penalap daga duwlanýaň,
Gelýäň ýene menzil aşyp.
Şemal ne beýle towlanýaň,
Gussalarma çolaşyp?

Ýedi yklymda dyz epmän,
Ýadaňokmy eýaman!
Ýedi gapyda ýer tapman,
Ygyp ýoren sergezdan.

Saňa juda haýpym geldi,
Hopugyp, kalby daraltdym
Gör, daglarda göwnüň galdy,
Daşlara ýüzüň saraltdyň.

İndi az-kem köşeşdiňmi,
Çyrpynyp deňziň erninde.
Däliräp suwa düşdüňmi,
Balygyň otly garnyňda.

Daň säher doganok güneş,
A seň bolsa,ýok kararyň.
Sen şeýle ýüregme meňzeş,
Köşeş ahyr bikararym!

ŞÄHRIBOSSAN

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s