ÝEKE-ÝEKEDEN

Synlap tylla Günüň batyp barşyny —
Aslyşyp zor bile dagdan-depeden,
Bildim günleň meni terk edýänini
Ýeke-ýekeden.

Ýöne Gün adam däl, dogar ýene-de,
Säher ýene guşlar joşup ses eder.
Uzar barar ak günleriň kerweni
Ýeke-ýekeden.

Geçibersin günler, ýöne siz beri,
Göwne degip, söz oklamaň keseden.
Çünki adamlaram gidip barýar-la
Ýeke-ýekeden.

Goja Zemin içre bir hakykat bar,
Göz ýetirer geçmişine eseden:
Hemme zat döreýär, ýitýär ähli zat
Ýeke-ýekeden.

Kakamyrat Rejepow

One thought on “ÝEKE-ÝEKEDEN

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s