ADAM DIÝDIŇMI?

“Adam gatnaşyklary” diýen düşünje bar. Bu düşünje biraz üýtgeşigräk galypda her dilde bardyr. Bu döwür, şol düşünjäniň has öňe saýlanan döwri. Hemme milletde üns berilýär. Ýöne ol düşünjäniň içini her millet özüçe doldurýar. Onuň, ähli milletlere düşnükli umumy manysyndan başga-da, her milletiň özüne mahsus aýratyn manylary-da bolup bilýär. Kiçijigem bolsa, bu kyssa-da biziň düşünjämize goşant bolsun…
Hatimi-Esam atly Hakyň dostlaryndan biri bardy. Köp adam ýetişdiripdir, alym hem aryf biri. Adamlar onuň ýanyna maslahata, ylym öwrenmäge gelerdiler. Ol döwürler, gündelik ýüze çykýan meselelerde adamlaryň öz kellelerine görä däl-de, bir bilene sorap hereket edýän döwri.
Bir gün aýal maşgalalaryň biri bir mesele soramak üçin onuň ýanyna gelýär. Edep bilen, ejap edip bir gyra geçýär-de, habaryny aýdyp başlaýar. Başlanam şol welin, biraz gozgananda, içindäki ýelini saklap bilmeýär. Nähili ýagdaýa düşenini bir göz öňüne getirip görüň! Özüň aýal maşgalasyň, garşyňdaky-da bir erkek adam, üstesine, atly-abraýly, uly iliň ýanyna gelip duran alymy… Aýal durky bilen gyzarmazmy?! Emma onuň öňünde oturan adamam ýönekeý biri däl. Nädendir öýdýäňiz?! Şobada oňa gaty sesi bilen gygyrýar:
– Hä?! Näme diýýäň, dogan? Gatyrak aýtmasaň, men eşidemok, gulagym agyr.
Onuň inçe ruhuna serediň, emgenmän, şobada çäre tapyşyna! Aýal maşgala gaty rahatlanýar.
Alymyň ady şondan soň “Pylany Ker” diýen manyda “Hatimi-Esam” bolup galýar. Ýaňky maşgala dünýeden ötünçä-de şol bolşuny saklaýar.
Bir olaryň adamçylygyna seredýän, bir öz adamçylygymyza. Aratapawut ýer bilen gök ýaly.
Adam gatnaşyklary öz ähmiýeti hiç haçanam ýitiren däldir. Mundan soňam ýitirer öýdemok. Siz nähili pikirde?

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s