GALÝAN PEÝDASY HANY

Uzak ýyllardan bäri naharhana ýöredip gelýän bir adam hasabyny hemişe öz bilýän usulyna görä tutardy. Töleg geçmeli pullaryny kassanyň sag tarapynda goýlan suýji gutusyna salardy, gündelik girdejisini kassada, çykdajylarynyň töleg kagyzyny bolsa, sag tarapdaky başga bir gutuda saklardy.
Iň kiçi ogly hasapçylyk bölüminde okap, diplomly hasapçy bolandan soň kakasynyň öz pullaryny hasaplaýyş usulyny hem gaty ýöntem, hem ýalňyş hasap edip ugrady.
Bir gün:
– Bu işi nädip ýöredibilýän, hiç kelläm alanok. Galýan peýdaň näçedigini nädip hasaplaýarsyň? – diýip sorady.
Kakasy:
– Diňle oglum, – diýip, söze başlady. – Obadan gelemde, bar baýlygym üstümdäki paltomdy. Bu gün agaň lukman, sen hasapçy, gyz jigiň bolsa, mugallym. Ejeň ikimiziň oňat maşynymyz bar, şäherde-de, obada-da bir sany öýümiz bar. Işimiz dowam edip dur, bergimiz ýok. Ine şolaryň ählisini jemläp, egnimdäki paltomy aýyrsaň, galan peýdamy çykaryp bilersiň.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s