HEMMÄNIŇ ETMELI IŞI

Maşyn we ýolagçy gatnadýan bir gämi duralga golaýlap gelýärdi. Ýolagçylaryň ählisi düşmäge hyýallanyp, gapa tarap ýöneldiler. Diňe serhoş bir adam bir gyra çöküp uklap galan eken. Azyndan ýigrimi töweregi adam onuň deňinden gülüp geçdi. Diňe sypaýy häsiýetli gartaň biri onuň ýanyna bardy-da, mylaýyn sesi bilen onuň gulagyna:
– Geldik – diýip seslendi.
Onuň sesini eşiden adamlar gaňrylyp seretdiler, hemmesiniň ýüzünde etmeli işlerini etmediklerde döreýän birhili utanç alamaty göründi. Hiç biriniň kellesine gelmedik zady eden kişi bolsa, hemmeleriň ýakyndan tanaýan adamsy bolan Tomas Edisondy.

(Ýazyjy näbelli)
07.08.19

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s