ÜMÜR

Londona birinji gezek gelip görýän adam säher bilen myhmanhanasyndan çykyp, şäherde gezim etmäge hyýallandy. Ýola çykanam şoldy welin, töweregi goýy ümür basdy. “Aý, häzir aýrylarla” diýip, ol ýoluny dowam edenem bolsa, ümür aýrylyp gidibermedi, gaýta barha goýulaşdy.
Sähel salymdan ak “garaňkylyk” onuň töweregini tutuşlygyna gurşap aldy. Yza gaýtmaga hyýallanan wagty burnunyň ujunam görenokdy.
– Heý!.. Bir ýol görkezjek adam ýokmuka? – diýip gygyrdy.
Şo mahal egnine bir adamyň eli degdi. Ol adam ondan:
– Size näme gerek? – diýip sorady.
Myhman:
– Bagyşlaň, ümür bolansoň ýolumdan azaşdym. Galýan myhmanhanama dolanmak isleýärin – diýdi.
Şonda ol adam:
– Hany eliňizi beriň, myhmanhana bu ýerden iki ädim uzaklykda – diýip, onuň elinden tutup idip ugrady. Azrak ýöränlerinden soň başga ýere garanda has agaryp duran bir ýere baryp durdular.
Keseki:
– Ine myhmanhanaňyz… – diýdi.
Adam elinden tutup gelen adamyň ýüzüni ümürden saýgaryp bilmedigem bolsa, oňa tarap seredip minnetdarlygyny bildirdi. Soňra-da:
– Siz ümüre öwrenşen öýdýän, beýle ýagdaýda nädip ýoly tapyp bildiňiz? – diýip, haýran galyp sorady.
Keseki oňa:
Ümüriň bolany-bolmany meň üçin bir. Şeýle-de meň gözüm görenok – diýip jogap berdi.

(Ýazyjy näbelli)
08.08.19

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s