ENÄNIŇ ÝATLAMA KITABY

Ol öz şäherçesiniň “enesidi”. Harasadyň öňünde ýegşerlen kiçijik dub agajyna çalym edýän bedenine garamazdan entejik dyzynda gurbat bardy, hiç kime ýük bolmak islemezdi.
Aýdyşlaryna görä, ene altyn gözlegine çykylan günler kakasynyň dogany bilen örän uzak diýarlardan gelenmiş. Uzak ýollary söküp gelýärkäler ýolda ogrular onuň kakasynyň doganyny öldüripdirler, olam şondan soň bu şäherçä ýerleşip, mugallymçylyk etmäge başlapdyr. Soňra odun çapyp gün görýän bir adama durmuşa çykýar, ondan bolsa alty çagasy bolupdyr. Emma ömür ýaryşynda ärem, çagalaram ony geçip bilmändir. Ählisem ondan öňürti bu panydan göçüp gidipdirler. Ene-de Alis atly agtygy hem-de onuň iki sany kiçijik gyzjagazy bilen galyberýär.
Segsenine gadam basanda bütinleý öýdeçil birine öwrülen ene hemişe geçmişiň ýatlamalarynyň arasynda ýaşaýan garrylaryň hataryna goşulyp barýandygyny duýýardy. “Köne ýatlamalary ýygy-ýygydan agzaýan bolsaňyz, garrapsyňyz diýmekdir” diýýärdi.
Şol sebäpden ene bir gün:“Oňňaly bolsa, menem oturyp ýatlamalarymy ýazaryn” diýdi. Gözleri zat saýgarmaz derejede çöňňelipdi, gulaklary bolsa eşidenok diýerlikli agralypdy. Ýöne köňli weli hiç garraýyn diýenokdy. Her gün ýazgy maşynkasynyň başyna geçip, haýallyk bilen sähelçe-de bolsa bir zatlar çyrşardy. Ýazanlarynam hiç kimiň okamagyny islemezdi, hatda Alise-de okamaga rugsat bermezdi. Haçan ýazylanlar gutarar-da kitap bolup çykar, ana şonda hemmeler okap bilerdi.
Ene togsan dokuz ýaşyna gadam basanda Alis syrkawlady, ony şäherdäki bir hassahana ýerleşdirdiler. Iki sany gyzynam ýakyn joralary özümiz serederis diýip alyp gitdiler welin, ene bütinleý ýeke galdy. Ýöne ol öýi taşlap gitmedi, gitmeýşi ýay hem, başgasyna ýük bolmajak bolup, hiç kimiň özleri bilen bile bolmak teklibini kabul etmedi. Hatda üýşürenje pullarynyň gutaraňkyrlandygyna garamazdan başgalaryň hödür eden kömek pulunam yzyna gaýtardy.
Şäherçäniň ilatynyň ählisi enäniň ýalňyzlygyna gynanýardy. Enäni bolsa, ýalňyzlyk däl-de Alisiň syrkawlygy hem-de onuň iki gyzynyň ýat adamlaryň öýünde bolýandygy gynandyrýardy.
Bir gezek ýanaşyk goňşusy ony garažynyň işiginde durka gördi. Modasy geçen eşiklerini geýen eken. Elinde-de köneje torba bardy. Goňşusy oňa gitjek ýerine çenli ýoldaşlyk etmegi teklip edenem bolsa, ene teklibi bada-bat ret etdi. “Men elinden tutulyp ýörediler ýaly beýle garry däl” diýdi.
Goňşusy şonda-da enäni aklawçy Jon Raýliniň iş ýerine çenli eltip gaýtdy. Jon Raýli ellini tegelän adamdy. Şäherçäniň iň ähmiýetli aklawçylaryndan biri. Awda gezip ýörkäler çawup gelen ok zerarly ömür tanapy üzülen ýekeje ogluny ýitirenden soň durmuşdan bütinleý örküni üzüpdi; özüni içginiň gujagyna atypdy; hatda öz hünärine degişli ukyplarynam ýitireňkirläpdi.
Ene aklawça köne usulda salam berenden soň: “Jon, ” diýdi, “…garaşyp duran bir giden müşderiň barlygy üçin kän wagtyňy alyp durasym gelenok. Saňa bir zady haýyş etmäge geldim”.
Jon jogap bermedi. Utanjyndan ýaňa ýüzi gyzaryp, damagy dolupdy. Iň soňky müşderisiniň bir aý mundan öňmi, iki aý mundan öňmi gelendiginem bilenokdy. Enäni bolsa bagyndan şetdaly ogurlap ýören çagalyk döwürlerinden bäri tanaýardy.
Ene torbasyndan çykaran bir top kagyzyny görkezip: “Bir kitap ýazdym, Jon” diýdi, “…çap edip berjek birini tapyp bilermikäk?”.
Jon kagyz topuny aldy-da enäni bir oturgyçda oturtdy. Enäniň köne ýatlamalardan doly janly taryhdygyny bilýärdi. Ýaşlyk döwri şäherçede çykýan gazet-žurnallara hekaýadyr degişmeler ýazyp berýändigindenem habarlydy…
Kagyzlary ýekän-ýekän gözden geçiren aklawçy:
– Gaty oňat, enejan – diýdi.
Eşitmändigini aňyp, gulagynyň ýanyna egildi-de gaty sesi bilen sözüni gaýtalady.
– Gaty täsin. Elimden gelenini etmäge taýyn. Kitaby Nýu Ýorkdaky bir neşirýata iberäýsem diýýän.
Ene şol gün öýüne Jon bilen bile gaýtdy. On gün soň alan habaryny enä ýetiren Jon, neşirýatçynyň kitabyň diňe birnäçe bölümini okandygyny, ýöne onuň kitaby gaty halandygyny, şonuň üçinem şolbada hakujy hökmünde 100 dollar pul iberendigini, hatda birneme wagt geçensoň ýene-de hakujy iberjek diýendigini mälim etdi.
Şol gün ene üçin aýratyn üýtgeşik gün boldy. Haýdan-haý Alisiň gyzlaryny öz ýanyna getirtdi, öýe serenjam berjek bir aýalam tutdy.
Jon her aý neşirýatdan iberlen 100 dollary enä eltip berýärdi. Bolan zatlar Jonuň özüne-de oňat ýarady. Içgini ýuwaşjadan azaltdy, ahyram bütinleý goýdy. Öňki janlylygyny gaýtadan gazanyp, bir wagtky müşderilerini özüne çekmegi başardy.
Birneme wagt geçenden soň Alis hassahanadan dolanyp geldi. Ýüz ýaşyna gadam basan enäniň gözleri bütinleý görmeýärdi. Özi, çagalar hem Alis üýşüp, aýlyk gelýän şol girdeji bilen günemälaryny aýlaýardylar. Şäherçede hemmeler enä buýsanýardy.
Ýüzünji doglan gününden birnäçe aý soň bir säher ene düşeginden turup bilmedi. Telim hepde şol ýagdaýda geçdi. Özüne seredýän hekimiň umytsyz hem gamgyn halyny duýdukça, gahary gelýärdi. Onuň bar aladasy ölüm däldi, ol kitabynyň çap bolup çykanyny göresi gelýärdi.
Jon oňa hemişe “Görersiň!” diýip teselli bererdi. Ahyry soňky gezek neşirýata çeken telegrafyna jogap alandygyny, onda kitabyň taýynlanýandygyny hem-de birnäçe güne galman kitap bolup çykjakdygyny habar berendiklerini aýtdy.
Ene ol günleri iňňän erjellik bilen sabyr edip geçirdi. Jonuň kitap bilen gapydan giren güni ýarym beýhuş halda ýatyrdy. Ullakan bir jilt bolan kitabyň ýüzüne enäniň adyny ýazan ekenler. Gözi görmese-de ene kitaby eline aldy; barmagy bilen öz adynyň ýazylan ýerini sypady. Gözünden boýup-boýur ýaş dökülýärdi:
– Hiç kime ýük bolmadym! – diýýärdi.
Iki sagat geçenden soň elindäki kitaby mäkäm gysyp, gözlerini ýumdy.
Aradan birnäçe gün geçdi. Alis bir gün kitaby dörüşdirip ugrady, soňra-da gös-göni Jonuň iş ýerine ylgady, barybam geň galyjylyk bilen:
– Bular ap-ak sahypa ýaly-la, hany kitap nirede? – diýip sorady.
Jon:
– Meni bagyşlarsyňyz diýip umyt edýärin – diýdi, “Beýle bir kitap ýok, aslynda. Enäniň gözem görenokdy, gulagam eşidenokdy. Ýazgy maşynkasynda setir gutaran wagty çykýan jaň sesini eşitmänsoň, şol dynman ýazyp oturypdyr. Şeýdip ähli jümleler we paragraflar gara nokat bolup, setiriň ahyrynda üýşüp galypdyr. Kitaby getirende, muny oňa aýdyp bilmedim. Bar umydy şoldy, çünki”. Alis soraman durup bilmedi:
– Ýa o pullar nireden?
Jonuň reňki üýtgedi. Jogap bermedi. Ýöne Alis bar zada düşünipdi. Neşirýatdan geldi diýýän hatyny özi ýazandyr, hakujy üçinem maşynyny satan bolmaly. Aklawçylyk işiniň janlanandygyna garamazdan henizem öňki köneje eşikleri bilen gezip ýörüşi-de munuň aýdyň subutnamasy.

(Pamela Hennel)

Leave a comment