Daglyk ýerde ýerleşýän bir öýde ýangyn çykyp, ýanyp kül bolýar. Öý eýesi aýaly bilen öýsüz-öwzarsyz, kör-köpüksiz galýar. Sebitiň ýaşulylary öý eýelerine teselli berjek bolup, elinden gelenini edýärler. Täze jaý salnar ýaly olar üçin öz aralarynda pul ýygnap başlaýarlar.
Aladalar gysga wagtyň içinde öz miwesini berýär. Üýşen pul bilen iki garra öňki öýlerine meňzeş öý salyp berýärler. Hatda birneme pulam artýar. Beýle bolansoň, kömek edenleriň biri garry aýala ýüzlenip:
– Öňki öýňüzde bolman, häzirki öýňüzde bolmagyny isleýän zadyňyz barmy? – diýip soraýar.
Garry aýal bir minut oýlanyp durýar-da şeýle diýýär:
– Otuz bäş ýyl bäri grandyň öňüne geçip, gap-gaç ýuwup gelýän. Ýuwan wagtym otuz bäş ýyllap diňe boş diwara bakdym. Aslynda bu diwar owadan dag manzarynyň öňüni ýapyp durdy. Şonuň üçin daglary görer ýaly, grandyň ýokarysyndan bir penjire açyp berseňiz, nähili oňat bordy!
(Koronetden)