Bir daýhanyň aýaly ençe ýyllap sähelçe-de şikaýat etmezden öý işlerini edip, nahar bişiripdir. Bir gün saçagyň üstünde sygyrlara berilýän, nahar galyndylarynyň üstüne epesli suw guýup ýasalýan ýal goýupdyr.
Äri başlyklaýyn çaga-çugalarynyň hemmesi gygyryp, gohlap başlapdyrlar. Olaryň gykylyklaryny biraz diňläp duran aýal elini bykyna urupdyr-da olaryň ýüzlerine gaharly garap, şeýle diýipdir:
– Nämä gaharlanýaňyz?! Şu çaka çenli siziň agzyňyzdan nahar bilen ýalyň arasyndaky aratapawudy bilýändigiňizi aňladýan ýeke agyz söz eşidip görmedim ahyry!
