Bir baý adam bilen ogly dünýäde seýrek gabat gelýän sungat eserlerini toplamagy halaýardy. Toplan eserleriniň arasynda Pikassodyr Rafaýeliň eserlerine çenli bardy. Bileje oturyp, olara haýran galyjylyk bilen tomaşa ederlerdi.
Bir gün Wetnam urşy turup, baýyň ogly urşa gitmeli bolýar. Ol diýseň batyr ýigitdi. Söweş meýdanynda ýaraly ýoldaşlarynyň birini arkasyna alyp gelýärkä, ok degip wepat bolýar. Oglunyň öldi habaryny alan kakasy hasrata gark bolýar we ýüregini gam-gussadan dolduryp, ogluny jaýlaýar.
Günleriň bir güni ol adam daş çykanda, gapysynyň öňünde eli ullakan paketli bir ýaş ýigidiň duranyny görýär we ondan näme gerekdigini soraýar.
Ýaş ýigit:
– Agam, siz meni tanamarsyňyz. Men siziň ogluňyzyň halas eden esgeri. Ogluňyz şol gün gaty köp kişini halas edipdi. Döşünden ok degipdi, şonda-da ol meni howpsuz ýere eltdi, amanadyny şondan soň tabşyrdy. Özi hem hemişe siz hakda, özüniň sungaty nähili gowy görýändigi hakda gürrüň ederdi.
Soňra elindäki paketi uzatdy-da:
– Munuň hiç hili bahasynyň ýokdugyny bilýärin. Men ussat suratkeş däl. Ýöne ogluňyz munuň siziňki bolmagyny islärdi – diýip, sözlerini tamamlady.
Ol adam paketi açdy. Içinden çykan zat öňündäki ýaş ýigit tarapyndan çekilen öz oglunyň portretidi. Hamsykdy, gözüniň owasyndan ýaşlar dökülmäge başlady. Ýaş ýigide ullakan sagbolsun aýdyp, portret üçin oňa pul hödür etdi.
– Ýok, hetdim bolmaz. Ogluňyzyň meň üçin eden zatlarynyň ýanynda meňki gürrüňi ediljek zatmy nä?! Bu diňe sowgat… – diýen ýaş ýigit, ýagşy dilegler edip uzaklaşdy.
Adam oglunyň suratyny myhman otagynyň iň görnükli ýerinde asyp goýdy. Haçan öýüne myhman gelse, öňi bilen oglunyň portretini, soňra bolsa sungat taýdan gymmatly beýleki eserlerini görkezýärdi.
Bir näçe ýyl soň ol adam dünýeden gaýtdy. Toplan eserleri üçin ullakan “kim köp bermeşek” guraldy. Gaty köp barjamly hem sungat söýüji adam gatnaşdy. Olar gymmatbahaly sungat eserlerini görmek, bolmanda şolardan birini satyn almak üçin howlukýardylar.
Alyp baryjy açylyş etdi:
– Oglunyň portreti bilen açylyş edýäris. Bu surat üçin kim näçe berýär? – diýdi.
Salondan ses-seda çykanokdy.
Arkadan biri gygyrdy:
– Meşhur eserleri göresimiz gelýär. Muny geçmegiňizi haýyş edýäris.
Alyp baryjy öz diýenine tutdy:
– Bu surat üçin näçe berýäňiz? Birinji teklibi kim etjek?
Başga biri ýerinden turup:
– Bu suraty göresimiz gelenok, biziň Pikassolary göresimiz gelýär!
Ýöne alyp baryjy ýene öz diýenine tutdy:
– Oglunyň portreti! Oglunyň portreti! Alan ýokmy?
Ahyry yzky oturgyçlardan bir ses geldi. Uzak wagtlap şol baý adamyň ýanynda işlän bagbandy.
– Bu surat üçin on dollar berjek.
Garyp adam bolany üçin bagbanyň güýji diňe şoňa ýetipdi.
– On dollar berýärler. Ýigrimi dollar beren barmy? On dollara berýän. Artdyrýan barmy? – diýip, alyp baryjy gygyrdy.
Köpçülik gaharlanmaga başlapdy. Oglanyň portretini isleýän ýokdy. Pul bereniňe degýän eserleri alaslary gelýärdi. Alyp baryjy tokmagy bilen stola urdy.
– Satýaryn, satýa-aan! On dollara, hol iň yzda duran adama satdym!
Salondakylar adamyň oglunyň portretinden dynandyklaryna begenşip, uludan dem aldylar.
Biri ýerinden turup:
– Hany beýleki eserlere geçeliň! – diýip gygyrdy.
Ýöne alyp baryjy şonuň bilen satyşyň tamam bolandygyny yglan etdi.
– Gynansagam satyş gutardy. Bu satyşa çagyrylan wagtym maňa wesýetiň gizlin şertini aýdypdylar. Şu çaka çenli bu şerti hiç kime duýdurmaga rugsat edilmändi. Gurnalan “kim köp bermeşege” diňe ol adamyň oglunyň suraty degişlidi. Bu portreti kim alsa, galan suratlara hem ähli beýleki baýlyga şol eýe bolmalydy. Oglanyň portretini satyn alan kişi ähli zada eýe boldy.
