Gije-gündiz öwrüp-çöwrüp hyýaly,
Yhlas edip aýdylmadyk sözlere,
Çaganyň gursaga badalşy ýaly,
Ýakyn boljak boldum sähra-düzlere.
Şäher — meň mesgenim, sähra — düşelge,
Haýsyn goýsaň, ýürek şoňa towusar.
Bu ýaşyl otlara gözüň düşende,
Seniň gözleriňem ýaşyl öwüser.
Bu topragyň sahylygna ser salyň!
Gögermejek zat ýok biziň sährada.
Aýagyňy ýere gömseň bir salym,
El — şahaňa ýaprak örjek şobada.
…Kän zada ýetmekçi bolýaňmy? Ahmal.
Onda aýdyň: — Oň dermany nirede?
Şeýdip, entäp ýörün toprak hem asfalt —
Iki sany uly polýus arada.
Şeýdip, ikarada ýörün pelpelläp, —
Şäherde, sährada çekip emgegi.
Bu ullakan bir dert bilen keselläp,
Şahsyýetiň ikä bölünmegimi?!
Şäherde ýaşasam, sähra meň gaýgym,
Sährada ýaşasam, şäher meň ünjim.
Olaň ikinjisi — birinji söýgim,
Ikinjisi bolsa, has-da birinjim!
Gurbannazar Ezizow