Amerikanyň iň uly roman ýazyjylaryndan biri bolan Nataniýel Hotornyň gazanan üstünliklerinde we onuň asuda durmuşy saýlap, dünýä edebiýatynyň iň naýbaşy eserleriniň birini ýazmagynda aýalynyň örän uly roly bar.
Hotorn gümrük edarasyndaky wezipesinden boşadylandan soň lapykeç halda öýüne, aýalynyň ýanyna dolanyp gelýär. Ýöne aýaly onuň işden boşadylandygy baradaky habaryny diýseň sowukganlylyk bilen diňlände, ol gaty geň galýar. Aýaly oňa:
– Indi arkaýyn kitap ýazyp bilersiň – diýýär.
Hotorn içi ýananyň ýylgyryşyny edip, ondan:
– Hawa, onsoň biz nädip ýaşamaly? – diýip soranda, aýaly oňa bir çekeri açyp, üýşüp duran puly görkezýär-de.
– Seniň haçanda bir gün uly bir eser ýazjakdygyňa ynanýardym. Şol sebäpden hepdelik çykdajylarymyzdan bir bölegini aýyryp, şu çekerde ýygnap goýýardym. Bu pul bize bir ýyl arkaýynam ýeter.
Şondan soň Hotorn oturyp, dünýä edebiýatynyň şadessanlaryndan birini – “Al harp” (The Scarlet Letter) atly eserini ýazýar.
(Herbert Proçnow)