IŇ GYMMATLY ZAT

NEMES imperatory Konrad III özüne başgaldyran Würtemberg gersogyny bir kiçijik şäherde gabawa düşürýär. Şäheriň halky öz şäherlerini goramakda şeýle bir gahrymançylyk görkezýär welin, imperator duşmanlarynyň beýle gahrymançylyk görkezip bilşine haýran galýar. Şunlukda ol aýallaryň janlaryny bagyşlaýandygyny, olaryň isleseler ýanlaryna çagalary bilen iň gymmatly zatlaryny alyp şäherden çykyp gidip biljekdiklerini yglan edýär.
Halkyň mundan beýläk goranara ýagdaýy galmansoň, şäheriň gapylary açylýar. Bir ýere jemlenişen aýallar aralaryna Würtemberg gersogyny alagada çagalarynyň elinden tutup, iň gymmatly zatlary bolan ärlerini arkalaryna hopba edinip şäherden çykýarlar.
Bu sahna imperator Konrada şeýle bir täsir edýär welin, tutuş şäher ilatynyň janyny bagyşlaýar.

Leave a comment