Bir adam: “Şu gije hökman bir sadaka berjek!” diýip, sadakasyny alyp daş çykýar. Ýöne gijäň içinde bilmezlikden ony bir ogryň eline gysdyrýar. Daň atanda hemmeler:
– Bu gije bir ogra sadaka berlipdir! – diýip, gybat edýärler. Ol adam: “Ýa Rab! Bir ogra sadaka berenim üçin Saňa şükür edýärin!” diýýär we ýene dowam edýär:
– Ýöne men hökman ýene bir sadaka berjek!
Ýene sadakasyny alyp daş çykýar. Bu saparam puluny garaňkyda bir zynakär (tenini satyp gün görýän) aýalyň eline gysdyrýar. Daň atanda hemmeler:
– Bu gije bir zynakär aýala sadaka berlipdir! – diýip, gybat kakýarlar. Ol adam bolsa: “Eý, Allahym! Bir ogra hem bir zynakär aýala sadaka berenim üçin Saňa şükür edýärin! Ýöne men ýene bir sadaka berjek” diýýär.
Sadakasy bilen ýola çykýar. Garaňkyda bu gezegem bir baýyň eline gysdyrýar. Daň bilen hemmeler:
– Bu gije bir baýa sadaka berlipdir! – diýip, gürrüň edýärler. Ol adamam: “Eý Allahym! Bir ogra, bir zynakäre, bir baýa sadaka berenim üçin saňa şükür edýärin!” diýýär.
Soňra ol adama düýşünde şeýle diýilýär: “Seniň beren sadakalaryň kabul edildi. Ýagny, diňe Ýaradanyň ryzasyny gazanmak maksady bilen bereniň üçin ogrynyň ol pişesini taşlap, halal zähmet çekmegi, zynakär aýalyň zynadan ýüz öwürmegi, baý adamyň ybrat alyp, Allanyň özüne beren zatlaryndan ýene Onuň ýolunda sarp etmegi gaty ahmal”.
(Buhary, “Zekat”14;…)