***

Ýer, ýurt hem modadan gaçýar diýýärmiň?
Ýert, ýurt diýmek Watan, Seňki hem Meňki.
“Moda” diýen sözden milýon ýyl öňki.
Watan — ata-babaň mukaddes süňki.
Jeýhun kenaryndan Hazara çenli
Ol baky. Ýeke-täk. Öňki hem soňky.

Ol çalşylýan ýa-da satylýan zat däl,
Berildimi — gora mazara çenli.
Näbelli soldat dek mukaddesdir ol.
Diňe birje parhy — ol baky belli.

Ol — seniň göbegiň gömülen ýeri,
Ol — ilkinji işik. Ilkinji ojak.
Ol — seniň ilkinji sesiň eşiden
Diwar, göbegene, ilki sallançak.

Ol — saňa ilkinji öwredilen söz:
“Eje”, “kaka”, “salam”. Ilkinji edep.
Ol — seniň kiçi ýa ulurak obaň.
Iň ilkinji klas, ilkinji mekdep…

Bu Watan biziňki. Oňa hiç haçan
Ne-hä pos ýokuşar, ne-de bir moda.
Ol Watan ýeňipdi müňlerçe şeri,
Galan şerleri-de ýeňer dünýäde.

Kerim Gurbannepesow

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s