Tireparazlyk

Musulmançylyk tireparazlygy, milletparazlygy ýatyrypdyr, hiç kime beýlekiniň depesinden seretmäge rugsat bermändir. Beýleki birinden üstün bolmagyň ýoly hökmünde takwalygy görkezipdir; ýagny Ýaradandan kim näçe köp gorkýan bolsa, şonça takwaly, şonça beýlekiden üstün hasaplanypdyr. Hezreti Pygamber (s.a.w.) döwründe muňa mysal bolup biljek köp hadysa bolupdyr.
Bir gün Pygamberimiziň (s.a.w.) iň ýakyn sahabalaryndan biri bolan hezreti Ebu Zer (r.a.) Bilaly-Habeşi atly beýleki bir sahaba: “Gara aýalyň ogly” diýip ýüzlenýär. Onuň bu sözi hezreti Bilala diýseň ýokuş degýär we gidip, bu meseläni Serwerimize (s.a.w.) aýdýar.
Ony eşidip Serwerimizem (s.a.w.) juda gynanýar we: ” Sizde henizem jahylyýet (nadanlyk) döwrüniň alamatlaryny görýärin” diýip, sahabalaryna duýduryş berýär.
Hezreti Pygamber (s.a.w.) Ebu Zer Gifari hezretlerine: “Eý, Eba Zer, bar, dessine git-de, Bilalden ötünç sora. Onuň bilen ýaraş” diýýär.
Hezreti Ebu Zer hem hezreti Bilalyň ýanyna baryp: “Eý, Bilal, şol aýagyň bilen şu ýüzümden basmasaň, walla, ýüzümi bosagaňdan galdyrmaryn” diýýär.
Bilal onuň aýdanyny etmeli bolýar, sebäbi ol Ebu Zeri gowy tanaýardy. Ol bir zat diýdimi, hökman edýärdi. Ine, şular ýaly ötünç soramak, bilip durka ýalňyşlygy dowam etdirmezlik sahabeleriň durmuş ýörelgesidi.
Hawa, şu ýerde Serwerimiziň Ebu Zer barada aýdan iki sany hadysynam agzap geçen ýagşy:
“Ebu Zer edil Isa bin Merýem ýalydyr. Isa bin Merýemiň kiçigöwünliligini göresi gelýän adam Ebu Zere seredäýsin. Ybadathonlygy (zühdi) we ybadaty Isa bin Merýeme iň köp meňzeýän kişi Ebu Zerdir. Ebu Zer ýeriň ýüzünde Isa bin Merýemiň ýöreýşi dek ýöreýär”.
“Alla maňa dört adamy söýmekligi buýurdy we Özüniňem şolary söýýändigini aýtdy: Aly, Ebu Zer, Mikdad we Selman”.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s