DÜRDÄNELER

Öýüň aýnadan bolsa, zynhar hiç kimiň aýnasyna daş zyňma. * Asmanda uky bar diýseler, ýaltalar merdiwan gurnap, çykmaga çalşarlar. * Umydyny ýitireniň başga ýitirere zady ýokdur. * Ýalňyşmakdan gorkýan biri hiç bir zat edip bilmez. * Hiç haçan çykyp gaýdan gapyňy bat bilen ýapma, yza dolanmaly bolmagyň ahmal. * Ýagşy-ýaman başgasy üçin edip-eýlän zatlarymyz ertir maňlaýymyzdan çykjak zatlaryň tohumydyr. * Ýamanlygyndan çekinýän adamyňy birem ýagşylygyň … Continue reading DÜRDÄNELER

Karmen niredekä?

Ejem maňa hemişe şeýle diýerdi: “Bilesigelijiligiňe bäs gelip bilmedik wagtyňda, ondan netijeli peýdalan!” Başgaça aýdanyňda, “Ýeri, bakaly!” Maýkl Tomas. Bir adam oýunjak aýydan, ýagny içine zat dykylyp doldurylan jansyz aýydan nämeler ögrenip bilerkä? Tomus günleriniň birinde oýunjak aýyjykdanam köp zadyň öwrenip boljakdygyna maşgalamyz bolup göz ýetirdik. Muňa uly gyzym sebäp boldy. Telewizorda ABŞ-nyň ähli ýerine awtostop usuly bilen syýahat eden bir žurnalistiň alyp barýan telegepleşigine … Continue reading Karmen niredekä?

DÜRDÄNE SETIRLER…

Başgalar üçin özüňizi ýatdan çykaryň, şonda sizi hem ýatlarlar. *** Birini söýmek diýmek, Ony Ýaradanyň göz öňünde tutuşy ýaly görmek diýmekdir. *** Zerre ýalyjak etmişim bolmasa-da, birtopar hyýallaryň içine çümüp, özümden etmiş tapan ýerlerim kän boldy. *** Her betbagtlygyň ardyndan bize ýene durmuş garaşyp ýatyr. Emma ýaşap bilmezlik diýlen zat adama mahsus bir emelsizlik. Ýogsa, meselem aýdaly, balyklaryň içinde özüni asany barmyka, ýa haýsy serçe … Continue reading DÜRDÄNE SETIRLER…

Ynjytmakdan gorkmak

Mähir-muhabbete ýugrulan Serwerimizden (s.a.w.) ders almak ýaly uly bagtyýarlykdan paý nesip eden sahabalar hem edil öz Mugallymlary ýaly ýaşamaga çalşypdyrlar. Meselem, bir çekirtgäni atanlykda basan biri gelip: “Bu meselede meniň jezam näme?” diýip, sorap bilýärdi. Ýürekleri şolar ýaly ýukalan adamlar başga biriniň göwnüne degmekden, başga birini ynjytmakdan öler ýaly gorkýardylar. Sebäbi olaryň hemmesiniň ýadynda ählije zady ýaradan Hezreti Alla bardy. Continue reading Ynjytmakdan gorkmak

SEBET KIMIŇKI

Gadymy Hytaý ýurdunda bir wagtlar iki sany söwdagär döwrüň adalatly häkimleriniň biriniň huzuryna barýarlar. Çaý ýagyny satyp ýören biri, bürünç satýan beýlekisinden bir ölçeg sebedi talap edýärdi. – Ol sebedi men oňa näçe aý mundan öň amanat beripdim. Indi ony yzyna soraýan welin, berenok – diýip, ony häkime şikaýat edýär. Bürünç satýan söwdagär bolsa: – Ýalan sözleme! – diýýär, – Sebedi meniň dükanymda birinji gezek … Continue reading SEBET KIMIŇKI

GADYRLY MYHMAN

Pygamberimiz (s.a.w.) sahabalary bilen Uhud saparyna barýarka, ýol ugrunda çagajyklaryny emdirip duran bir pişige gabat gelýärler. Serwerimiz (s.a.w.) dessine goşunyň ugruny üýtgedýär. Pişigi biynjalyk etmesinler diýibem başynda nobatçy goýýar. Soňra nobatçydan ol pişigi sorap alýar-da, oňa eýeçilik edýär. Adyna-da “Müezza” goýýar. Ol, belkem, köçede gezip ýören bir pişikdi, Serwerimiziň (s.a.w.) eýe çykmagy bilen çölüň gyzgyn howrundan halas bolupdy. Müezza bir gün Serwerimiziň (s.a.w.) donunyň üstünde … Continue reading GADYRLY MYHMAN