ENE

Dünya inderen perzendini görmäge howlugýan ýaş ene tolgunma bilen seslendi:
— Bäbegimi gorup bilermikäm?
Şepagat uýasy gundaga dolangy çagajygy gelne uzatdy. Gelin gundagy galdyryp, akja bäbejigine seretdi. Emma onun yuzi birdenka duw-ak boldy. Asyl gorse, çagajygyñ iki gulagam ýok bolsa natjek. Enänin ustunden gaynag suw dökülene dondi. Gözüne ynanman, gayta-gayta bäbejige bakdy.
Gecirilen lukmançylyk barlaglarynyň netijesinde, çagajykda eşitme kemçiliginiñ ýoklugy, diñe gulagynyñ daş gornuşiniñ ösmän galanlygy anyklandy. Ene muña-da müñ şükür edip, öýüne dolandy.
Aý-gün geçip, oglanjyk ese-boýa galansoñ, ene-atasynyñ hasraty has-da artdy.
Sebabi ogullary gulagynyñ ýoklugy zerarly utanyp, ne öýde, ne mekdepde özi ýaly çagalar bilen dostlaşyp, gatnaşyp bilenokdy. Ýogsa ol juda zehinli okuwçydy, hatda beyemçi bellenmäge-de mynasypdy…
Ine, bir gun bolsa, enanin dertli ýuregi hasam awady. Ogly mekdepden gelen badyna ejesinin gujagyna dykylyp, sorkuldap aglamaga başlady. Sebabini soranda bolsa: “Maña uly synpdan bir okuwçy “bedroý” diydi” diyip, sojap-sojap dem aldy.
Oglanjygyñ ene-atasy bu ýagdaya çykalga tapmak ucin, gaýtadan lukmana yuz tutdular. Lukman:
— Eger-de gulagyny berjek donor tapylsa, ony özuninki ýaly edip bejereris — diýdi.
Şeýlelikde, donor tapylyp, oglany gulakly etdiler. Emma ene-atasy bu gizlin syr diyip, gulagyñ kiminkidigini aytmadylar.
Aradan birnace ýyl geçip, hälki oglanjyk bilimli, abraýly adam bolup ýetişdi. Onda kemsinme, ýygrylma duýgusyndan nam-nyşan ýokdy. Emma özüne bu uly ýardamy kimin berenini diýseñ bilesi gelyardi.
Gunleriñ birinde halki ýigidiñ ejesi dünyäden ötdi. Şonda kakasy ogluny ýanyna çagyryp, syry aýan etmegiñ wagtynym gelendigini duýdurdy. Ol entek jynazasy äkidilmedik nur ýüzli enäniñ baş ujunda oturyp, emaý bilen onuñ gyzylymtyl saclaryny galdyrdy.
Birmahal özüni görende hut enesiniñ ýüzunde dörän alamat bu gezek oglunda peyda boldy. Onuñ ýüzi birdenka duw-ak boldy. Çünki ejesinin gulagy ýokdy…
— Ejeñ saçyny kesdirip azara galyp ýörmejegine juda begenipdi. Şeyle-de, hiç kim ejeñi öñküsinden az owadan ya-da bigörk hasaplamandy — diyip, garry kakasy hasrat garyşyk ýakym bilen ýylgyrdy.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s