“Yellowstone” milli seýilgähinde dörän ýangynyň yzysüre, degişli hünärmenler onuň haraba öwren ýerlerinde barlag işini geçirip ýörkäler, olardan birisiniň gözi agajyň düýbündäki külleriň arasynda duran, garaköýük bolup heýkele meňzäp giden guşa kaklyşýar. Onuň ýanyna golaýlaşyp, elindäki çybyk bilen çalaja dürtüp görýär. Çybyk degip-degmänkä, onuň ganatlarynyň astyndan üç sany guş çagasy jüýküldeşip çykýar. Belkem,, ene guş bir howpuň abanyp gelýänini aňandyr-da, jüýjelerini agajyň arkasyna getirendir. Sebäbi ol özüniň ýanjagyny bilse-de, çagalaryny ganatynyň astynda penalapdyr. Ol ýangyn ýaýramanka arkaýyn uçagada, öz janyny halas edibem bilerdi, ýöne ol çagalaryny saýlapdyr. Oduň alawlary özüne ýakynlap, tenini ýalap ugranda-da uçjak bolmandyr. Dogry, onuň ejiz bedeni ýanyp küle donüpdir, emma ol öz yzynda hiç haçan unudylmajak “ENE” heýkelini ýadygärlik goýup gitdi.
