Bir garryja är-aýal üsti naz-nygmatdan doly stoluñ başynda toý eden gününiñ 50 ýyllygyny belläpdir. Özlerem diyseñ bagtly, şadyýan ekenler. Şol wagt aýaly kesilip, hatarlanyp goylan çörekleriñ birini alyp aşagyny aýrypdyr-da, yumşajyk tarapyna mesge çalyp oturşyna içinden ” Baryp 50 ýyldan bäri yaşulym çöregiñ yumşak tarapyny gowy görensoñ oña her ertirlikde şeydip berip, özümem arkasyny, gaty tarapyny iýyän. Yöne şu gün welin, yumşak tarapyny özūm iyip, arkasyny oña bersem öykeläp durasy yokla, 50 ýyldan soñ….” diyip, çöregiñ gaty tarapyna mesge çalyp adamsyna uzadypdyr. Adamsy muña haýran galyp, begenjinden yarylara gelipdir hem-de içinden şeý diýipdir: “Wah, ezizim! 50 ýyllap sen çöregiñ arkasyny halaýanyñ üçin, yumşak yüzüni özum iyip geldim. Gör, sen nahili ýuka ýürekli ekeniñ, gadyr edip maña çöregiñ arkasyny berdiñ…”
