Resulullah (s.a.w.) agşam namazyny okamak üçin metjide gelýär. Ýanynda söýgüli agtyklaryndan Hasanam bardy. Allanyň Resuly (s.a.w.) öňe geçip agtyjagyny ýere goýýar. Soňra-da tekbir getirip, namaza durýar. Namazda seždä gidip, uzagrak eglenýär.
Sežde uzaga çekensoň, sahabalaryň biri Pygamberimize (s.a.w.) bir zat bolan bolaýmasyn diýen pikir bilen başyny galdyryp seredýär. Görse, seždä giden Serwerimiziň (s.a.w.) arkasyna agtygy hopba bolupdyr-da, ýylgyryp otyr eken. Sahabe derrew seždä dolanýar. Namaz gutarandan soň jemagatdan biri:
– Eý, Allanyň Resuly, namazda seždäňiz şeýle bir uzaga çekdi welin, size bir zat bolandyr öýtdük – diýýär.
– Hiç zat bolmady, agtygym arkama mündi. Menem howlukmaçlyk edip höwesini almanka ony arkamdan düşüresim gelmedi, özi düşýänçä garaşdym.
